Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 10:25

[1] Ine, Pesah diýlip atlandyrylýan Petir baýramy ýakynlaşdy.

[2] Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar.

[3] Şeýtan Onkileriň biri bolan Ýudas Iskariýodyň kalbyna girdi.

[4] Ýudas ýolbaşçy ruhanylar bilen serkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nädip olaryň eline salyp berjekdigi barada maslahatlaşdy.

[5] Olar hem begenişip, oňa pul bermäge razy boldular.

[6] Ýudas olar bilen ylalaşdy we halk ýok wagty Isany olara tabşyrmak üçin, amatly pursat peýläp gezdi.

[7] Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramy ýetip geldi.

[8] Isa: «Gidiň-de, biziň üçin Pesah naharyny taýýarlaň» diýip, Petrus bilen Ýohannany iberdi.

[9] Olar: «Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.

[10] Isa olara: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz. Yzyna düşüp gidiň-de, onuň giren öýüne giriň.

[11] Onsoň öý eýesine: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, myhman otagy nirede diýip soraýar“ diýiň.

[12] Ol hem size ýokarky gatda ähli zat taýýarlanyp goýlan giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi.

[13] Olar gitdiler we ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar.

[14] Nahar wagty bolanda, Isa resullary bilen saçak başyna geçdi.

[15] Isa olara: «Men bu Pesah naharyny ejir çekmezimden öň, siziň bilen bile iýmegi gaty arzuw edipdim.

[16] Çünki Hudaýyň Şalygynda Pesah naharyny iýmek üçin hemmämiz ýygnanýançak, Men ondan gaýdyp iýmerin» diýdi.

[17] Isa eline bir käse alyp şükür etdi-de: «Muny alyň-da, içiň.

[18] Size şuny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygy gelýänçä, şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.

[19] Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.

[20] Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.

[21] Ine, Maňa haýynlyk etjek adam Meniň bilen bir saçagyň başynda otyr.

[22] Hawa, Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly jan berer, emma Oňa haýynlyk edeniň halyna waý!» diýdi.

[23] Olar muny kimiň etjekdigini biri-birlerinden sorap başladylar.

[24] Olar öz arasynda haýsy birisiniň iň beýikdigi hakda jedelleşdiler.

[25] Isa olara şeýle diýdi: «Keseki milletleriň patyşalary halklara öz hökümini ýöredýärler, ygtyýarly adamlary-da özlerini hemaýatkär diýip atlandyrýarlar.

[26] Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçi ýaly bolsun, baştutan, goý, hyzmatkär kimin bolsun.

[27] Haýsysy has uly: saçak başynda oturanmy ýa-da hyzmat edýän? Saçak başynda oturan dälmi? Emma Men siziň araňyzda bir hyzmat edýän kimindirin.

[28] Başymdan geçiren synaglarymda Meniň ýanymda bolan sizsiňiz.

[29] Atamyň Meni Patyşa belleýşi ýaly, Men-de sizi patyşa edip belleýärin.

[30] Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».

[31] Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi.

[32] Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi.

[33] Petrus: «Agam! Men Seniň bilen zyndana-da, hatda ölüme-de gitmäge taýýar» diýdi.

[34] Isa: «Petrus, saňa diýýärin, sen bu gün horaz gygyrmazdan öň, Meni tanamaýandygyňy üç gezek aýdarsyň» diýdi.

[35] Onsoň Isa olardan: «Men sizi gapjyksyz, torbasyz we çaryksyz ýollan çagym kem zadyňyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler.

[36] Isa olara: «Indi gapjygyňyz bar bolsa, ýanyňyza alyň, bir torba hem alyň. Gylyjyňyz ýok bolsa, donuňyzy satyň-da, bir gylyç ediniň.

[37] „Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi.

[38] Şägirtler: «Eý, Agam! Ine, bu ýerde iki gylyç bar» diýdiler. Isa hem olara: «Şol ýeterlik» diýdi.

[39] Isa daşary çykyp, hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler.

[40] Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly dileg ediň!» diýdi.

[41] Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp:

[42] «Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy.

[43] Gökden bir perişde görnüp, Ony güýçlendirdi.

[44] Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy.

[45] Dileg edip bolandan soň turup, Isa şägirtleriň ýanyna geldi. Olaryň uklap ýatandyklaryny gördi, olar gaýgy-hasratdan ýaňa tapdan düşüpdiler.

[46] Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi.

[47] Ol entek gepläp durka, bir mähelle peýda boldy. Onkileriň biri Ýudas mähelläniň öňüne düşüp gelýärdi. Ýudas Isany ogşajak bolup, Onuň golaýyna geldi.

[48] Isa oňa: «Eý, Ýudas! Sen bir ogşuk bilen Ynsan Ogluna haýynlyk edýärsiňmi?» diýip sorady.

[49] Isanyň ýanyndakylar näme boljagyny görüp: «Eý, Agam! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler.

[50] Olaryň biri baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi.

[51] Emma Isa: «Hany, bes ediň!» diýdi. Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy.

[52] Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen ýolbaşçy ruhanylara, ybadathananyň goragçylaryna, ýaşululara ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz?

[53] Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi.

[54] Isany tutup, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryň yzyna düşüp gitdi.

[55] Howlynyň ortasynda ot ýakyp otyrkalar, Petrus-da olaryň arasynda otyrdy.

[56] Petrusy oduň ýagtysyna gören bir keniz oňa içgin seretdi-de: «Bu adam hem Onuň bilen biledi» diýdi.

[57] Emma Petrus: «Eý, zenan, men Ony tanamaýaryn» diýip inkär etdi.

[58] Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen hem şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Gardaş, men olardan däl» diýdi.

[59] Aradan bir sagada golaý wagt geçensoň, başga bir adam: «Dogrudan-da, bu adam Onuň bilen biledi, sebäbi bu jelileli» diýdi.

[60] Emma Petrus: «Eý, gardaş, men seniň näme aýdýanyňy bilemok» diýdi. Edil şol wagt, Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy.

[61] Reb Isa gaňrylyp, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady.

[62] Petrus daşary çykyp, möňňürip aglady.

[63] Isany saklaýan adamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar.

[64] Gözüni daňyp: «Hany, welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar.

[65] Ýene-de Oňa ençeme hapa sözler aýtdylar.

[66] Daň atanda, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary halkyň beýleki ýaşululary bilen ýygnanyşyp, Ony özleriniň mejlisine getirdiler.

[67] Olar Isadan: «Bize aýt, Sen Mesih mi?» diýip soradylar. Isa olara: «Aýtsam, ynanmarsyňyz;

[68] sorasam, jogap bermersiňiz.

[69] Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar» diýdi.

[70] Olaryň hemmesi: «Onda Sen Hudaýyň Ogly-da?» diýip sorady. Isa olara: «Meniň Kimdigimi özüňiz aýdyp dursuňyz» diýip jogap berdi.

[71] Olar: «Bize mundan başga şaýatlyk nämä gerek? Biz muny Onuň Öz dilinden eşitdik ahyry» diýişdiler.

Lukanyň hoş habary — Chapters