[1] Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi.
[2] Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle diýiň: «Eý, Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin!
[3] Gündelik çöregimizi bize günde ber.
[4] Bize garşy günä edenleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň günälerimizi bagyşla. Bizi synaga salma» diýdi.
[5] Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň dostuňyz bar. Sen ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp: „Dost! Maňa üç çörek karz bersene.
[6] Uzak ýoldan ýakyn dostum geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok“ diýip ýalbarýaňyz.
[7] Şonda dostuň içerden: „Meni birahat etme! Gapy birçak gulplandy, çagalarym, hemmämiz uklap ýatyrys. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýip jogap berýär.
[8] Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregi dostlugyň hatyrasyna bermese-de, ony gününe goýman, erjellik bilen soraberseň, islendik soran zadyňy berer.
[9] Men size diýýärin: diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.
[10] Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.
[11] Sizden haýsy ata ogly balyk dilände, balyga derek oňa ýylan berer?
[12] Ýa bolmasa ýumurtga dilände, oňa içýan berer?
[13] Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»
[14] Günleriň birinde Isa bir lal adamdan arwah-jyny kowdy. Arwah-jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halk muňa haýran galdy.
[15] Emma olaryň käbiri: «Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýdiler.
[16] Beýlekiler hem Ony synamakçy bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler.
[17] Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen öý ýykylar.
[18] Şeýtan öz içinden bölünse, heý-de, patyşalygy durarmy? Muny siziň Maňa arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýar diýýäniňiz üçin aýdýaryn.
[19] Men arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şeýle diýýäniňiz üçin sizi öz adamlaryňyz höküm eder.
[20] Men arwah-jynlary Hudaýyň güýji bilen kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size gelendir.
[21] Eger bir güýçli adam depesinden dyrnagyna çenli ýaraglanyp, öz öýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzdyr.
[22] Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny elinden alyp, talan oljasyny paýlar.
[23] Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr.
[24] Arwah-jyn adamdan çykandan soň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, emma tapmaýar. Şonda ol: „Çykan öýüme dolanaýyn“ diýýär.
[25] Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini görýär.
[26] Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar».
[27] Isa bu zatlary aýdyp durka, mähelläniň arasyndan bir aýal sesini gataldyp: «Seni dogran, Seni emdiren ene nähili bagtly!» diýdi.
[28] Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.
[29] Mähelle has köp üýşende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesildir. Olar alamat talap edýär, emma olara Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.
[30] Ýunus Ninewe halkyna nähili alamat bolan bolsa, Ynsan Ogly-da bu nesle edil şonuň ýaly alamat bolar.
[31] Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.
[32] Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.
[33] Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da gabyň aşagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.
[34] Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar, gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar.
[35] Şonuň üçin hem ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn.
[36] Seniň tutuş bedeniň ýagty bolup, hiç bir garaňky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz şöhlesi bilen ýagtyldýan ýaly, bedeniň bütinleý ýagty bolar».
[37] Isa bu zatlary aýdyp durka, bir fariseý Ony öýüne nahara çagyrdy. Isa baryp, saçak başynda oturdy.
[38] Fariseý Onuň nahardan öň elini ýuwmandygyny görüp, geň galdy.
[39] Emma Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden hem pislikden doludyr.
[40] Akmaklar! Daşyny ýaradan içini-de ýaratmadymy?
[41] Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.
[42] Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz narpyzdan, her hili ysly otdan ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma adalat bilen Hudaýyň söýgüsini äsgermeýärsiňiz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.
[43] Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazarlarda özüňize salam berilmegini halaýarsyňyz.
[44] Waý halyňyza! Siz hiç belligi bolmadyk mazarlara meňzeýärsiňiz: adamlar bilmezden şeýle mazarlaryň üstünde gezýändirler».
[45] Töwrat mugallymlaryň biri Oňa: «Eý, Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi.
[46] Isa hem şeýle diýdi: «Siziň hem waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Agyr ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz.
[47] Waý halyňyza! Siz pygamberleriň guburlaryny dikýärsiňiz, emma olary öldürenler öz atalaryňyzdyr.
[48] Şeýtmek bilen, siz atalaryňyzyň edenlerini tassyklaýarsyňyz. Hawa, pygamberleri atalaryňyz öldürdi, siz hem olaryň guburlaryny dikýärsiňiz.
[49] Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“.
[50] Şonuň üçin hem dünýä ýaradylaly bäri hemme pygamberleriň dökülen gany üçin bu nesil jogapkärdir.
[51] Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Zekarýanyň ganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şuny aýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer.
[52] Waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz. Özüňiz bu gapydan girmediňiz, girmek isleýänlere hem böwet bolduňyz».
[53] Isa ol ýerden gaýdan wagty fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň garşysyna çykyp, üstüne ençeme meseleler baradaky soraglary ýagdyrmaga başladylar.
[54] Şeýdip, Isany sözünde tutjak bolup, amatly pursady peýleýärdiler.