Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:47

[1] Bir gün Isa Ginnesaret kölüniň kenarynda wagyz edýärkä, halk Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşdi.

[2] Şonda Isa kölüň ýakasynda duran iki gaýygy gördi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular.

[3] Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň Ol gaýykda oturan ýerinden halka öwretmäge durdy.

[4] Isa sözüni tamamlandan soň, Simuna: «Kölüň çuň ýerine gidiň-de, balyk tutmak üçin torlaryňyzy suwa taşlaň» diýdi.

[5] Simun Oňa: «Halypa! Bütin gije jan etsek-de, hiç zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary ýene taşlaýyn» diýdi.

[6] Muny aýdylyşy ýaly edenlerinde, olar şeýle bir köp balyk tutdular welin, torlary-da ýyrtylyp başlady.

[7] Şoňa görä olar beýleki gaýykdaky ýoldaşlarynyň gelip kömekleşmekleri üçin, ellerini bulap yşarat etdiler. Olar gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy.

[8] Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.

[9] Tutan balyklarynyň köpdügine onuň özi we ýanyndakylaryň hemmesi haýran galdy.

[10] Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi.

[11] Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.

[12] Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy.

[13] Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy.

[14] Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy.

[15] Emma Isa hakyndaky habarlar barha ýaýraýardy. Isany diňlemek we kesellerine şypa tapmak üçin, Onuň ýanyna uly mähelle ýygnanýardy.

[16] Isa bolsa köplenç ýeke Özi çola ýerlere gidip, Hudaýa doga okaýardy.

[17] Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi.

[18] Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdi. Olar ony jaýyň içine salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular.

[19] Emma üýşen mähelleden ýaňa ony içeri salmaga ýol tapmansoňlar, jaýyň üstüne çykyp, üçegi söküp açdylar. Onsoň ysmazy düşegi bilen üçekden sallap, Isanyň öňüne düşürdiler.

[20] Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Dost, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.

[21] Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar.

[22] Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz?

[23] Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek?

[24] Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi.

[25] Ol hem hemmäniň gözüniň alnynda dessine ýerinden turdy we düşegini ýygnady, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gitdi.

[26] Ähli adamlar haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olary gorky gaplap aldy, olar: «Bu gün şeýle bir geň zatlar gördük» diýişdiler.

[27] Şundan soň Isa daşary çykanda, salgyt ýygnap oturan Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi.

[28] Ol hem ýerinden turdy-da, ähli zady taşlap, Onuň yzyna düşdi.

[29] Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly meýlis gurady. Saçagyň başynda olar bilen birtopar salgytçylar we başga-da köp adamlar nahar iýip otyrdylar.

[30] Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.

[31] Isa olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir.

[32] Men dogrulary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.

[33] Olar Isa: «Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan agyz bekläp, doga-dileg edýärler, fariseýleriň şägirtleri hem şeýle, emma Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler» diýdiler.

[34] Isa: «Toýda giýew dostlarynyň ýanyndaka, siz onuň myhmanlaryna agyz bekledip bilersiňizmi?

[35] Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler» diýip jogap berdi.

[36] Isa olara şu tymsaly aýdyp berdi: «Hiç kim täze eşikden ýyrtyp, köne eşige ýama salmaz. Beýtse, täze eşik hem ýyrtylar, täze eşikden alnan ýama-da köne eşige gelişmez.

[37] Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa täze şerap meşikleri böwsüp, şerap ýere döküler, meşikler-de zaýalanar.

[38] Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr.

[39] Hiç kim köne şeraby içenden soň täzäni küýsemez. „Könesi oňat“ diýer».

Lukanyň hoş habary — Chapters