Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:50

[1] Isa şägirtlerine şulary gürrüň berdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Bu iş dolandyryjynyň baýyň mal-mülküni dargadýandygy barada oňa şikaýat edipdirler.

[2] Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme? Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundan beýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär.

[3] Iş dolandyryjy öz-özüne: „Indi näme etsemkäm? Hojaýynym işimi elimden alýar. Men gazy gazmaga ejiz, dilenmäge utanýaryn.

[4] Hä…, işden kowlan wagtym halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin“ diýip oýlanýar.

[5] Şeýlelikde, ol hojaýynyna bergili adamlaryň baryny bir-birden ýanyna çagyrýar. Birinji çagyranyndan: „Meniň hojaýynyma näçe bergiň bar?“ diýip soraýar.

[6] Ol: „Ýüz çelek zeýtun ýagy“ diýip jogap berýär. Iş dolandyryjy oňa: „Dil hatyňy al-da, oturyp, dessine şony elli çelek diýip ýaz“ diýýär.

[7] Onsoň başga birinden: „Seniň näçe bergiň bar?“ diýip soraýar. Ol hem: „Müň halta bugdaý“ diýip jogap berýär. Oňa-da: „Dil hatyňy al-da, şony sekiz ýüz diýip ýaz“ diýýär.

[8] Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr.

[9] Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.

[10] Az zatda ynamdar bolan köp zatda hem ynamdardyr, az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar bolup bilmez.

[11] Şeýlelikde, dünýäniň baýlygynda ynamdar bolmasaňyz, size çyn baýlygy kim ynanar?

[12] Başga biriniň emlägi babatda ynamdar bolmasaňyz, öz emlägiňizi size kim berer?

[13] Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz».

[14] Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar.

[15] Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.

[16] Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär.

[17] Töwradyň ýekeje nokadynyň ýiteninden, asman bilen ýeriň ýiteni aňsatdyr.

[18] Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen kişi-de zyna edýändir».

[19] «Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi.

[20] Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini ýara basan Lazar atly bir gedaý ýatardy.

[21] Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwyndady. Itler hem gelip, onuň ýaralaryny ýalardy.

[22] Bir gün wagty dolup, gedaý ölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňra baý hem ölýär we jaýlanýar.

[23] Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär.

[24] Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär.

[25] Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň.

[26] Bulardan başga-da, biziň bilen siziň araňyzda äpet bir uçut goýlupdyr, şonuň üçin bu ýerden siz tarapa, ol ýerden hem biz tarapa hiç kim geçip bilmez“ diýip jogap berýär.

[27] Şonda baý adam: „Beýle bolsa, atam, saňa ýalbarýaryn, Lazary kakamyň öýüne iber.

[28] Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.

[29] Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriň ýazgylary bar ahyry, goý, şolara gulak assynlar“ diýýär.

[30] Ol hem: „Ýok, eý, Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna baranda toba ederler“ diýýär.

[31] Ybraýym oňa: „Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».

Lukanyň hoş habary — Chapters