[1] Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlary günä duçar edýän zatlaryň gelmegi gutulgysyzdyr, emma bu zatlaryň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!
[2] Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.
[3] Habardar boluň! Eger doganyň günä etse, oňa käýe. Eger ol toba etse, ony bagyşla.
[4] Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä edip, ýedi gezek hem ýanyňa gelip: „Toba edýärin!“ diýse, ony bagyşla».
[5] Resullar Reb Isa: «Biziň imanymyzy artdyr!» diýdiler.
[6] Ol şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Bu ýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar.
[7] Aýdaly, siziň ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäriňiz bar. Ol meýdandan gelende, siziň haýsyňyz oňa: „Basym gel-de, saçak başynda otur“ diýersiňiz?
[8] Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa hyzmat et, özüň soňra iýip-içersiň“ diýmezmi?
[9] Buýruklaryny berjaý edeni üçin, ol hyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi?
[10] Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».
[11] Isa Samariýa bilen Jeliläniň üstünden geçip, Iýerusalime tarap gitdi.
[12] -
[13] Ol obalaryň birine girende, Oňa endamy deri keseline duçar bolan on adam sataşdy. Olar uzakda durup, gaty ses bilen: «Eý, Isa! Halypa, bize rehim et!» diýdiler.
[14] Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden saplandy.
[15] Olaryň biri sagalanyny görüp, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp, yzyna öwrüldi.
[16] Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.
[17] Isa: «Keselden saplanan on kişi dälmidi? Galan dokuz adam nirede?
[18] Hudaýy şöhratlandyrmak üçin bu kesekiden başga hiç kim yzyna öwrülmedimi?» diýip sorady.
[19] Onsoň oňa: «Tur, gidiber, imanyň seni halas etdi» diýdi.
[20] Bir gün fariseýler Isadan Hudaýyň Şalygynyň haçan geljekdigini soranlarynda, Ol: «Hudaýyň Şalygy göze görnüp gelmez.
[21] Adamlar: „Ine, bu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýmezler, sebäbi Hudaýyň Şalygy siziň araňyzdadyr» diýip jogap berdi.
[22] Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Oglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyz geler, emma ol güni görmersiňiz.
[23] Adamlar size: „Ine, Ynsan Ogly şu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýerler. Emma gitmäň, olaryň yzyna düşmäň!
[24] Ýyldyrym gögüň bir ujundan çakyp, beýleki bir ujuny nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar.
[25] Emma Ol öňürti köp görgi görüp, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir.
[26] Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar.
[27] Adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykyp, arkaýyn ýaşap ýördüler. Soňra äpet sil gelip, baryny ýok etdi.
[28] Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýip-içip, alyp-satyp, ekip-dikip ýördüler.
[29] Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini ýok etdi.
[30] Ynsan Oglunyň peýda boljak gününde hem şeýle bolar.
[31] Şol gün üçekdäki adam öýdäki zatlaryny almak üçin aşak düşmesin. Şeýle-de, ekin meýdanyndaky hem yzyna gelmesin.
[32] Lutuň aýalyny ýada salyň!
[33] Kim janyny aýamaga çalyşsa, ony ýitirer, kim janyny ýitirse, ony aman saklar.
[34] Size şuny aýdýaryn: şol gije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.
[35] Bilelikde bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, beýlekisi goýlar».
[37] Şägirtler Isa ýüzlenip: «Agam, bu hadysalar nirede bolar?» diýip soradylar. Isa hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşýändir» diýip jogap berdi.