Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:04

[1] Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler.

[2] Olar Isa: «Hany, bize aýt, Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu ygtyýary Saňa kim berdi?» diýdiler.

[3] Isa hem: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa aýdyň,

[4] Ýahýa çümdüriş ygtyýaryny nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýip sorady.

[5] Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer.

[6] Eger-de ynsandan diýsek, ähli halk bizi daşlar, sebäbi halk Ýahýanyň pygamberdigine ynanýar».

[7] Ahyry olar: «Biz niredendigini bilemzok» diýip jogap berdiler.

[8] Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.

[9] Soňra Isa halka şu tymsaly gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, ony bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak wagtlyk başga ýurda gidýär.

[10] Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärleriniň birini kärendeçileriň ýanyna iberýär. Emma kärendeçiler ony ýenjip, boş kowup goýberýärler.

[11] Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, kärendeçiler ony-da ýenjip, masgara edip, boş kowup goýberýärler.

[12] Ol üçünji hyzmatkärini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, kowup goýberýärler.

[13] Onsoň üzümçiligiň eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söwer oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar“ öýdýär.

[14] Kärendeçiler bolsa ony görenlerinden, özara maslahatlaşyp: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler.

[15] Şeýlelikde, ony üzümçilikden çykaryp öldürýärler. Indi üzümçiligiň eýesi bulara näme eder?

[16] Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi.

[17] Isa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy“ diýen ýazgynyň manysy näme?

[18] Kim bu daşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar» diýdi.

[19] Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.

[20] Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçe dogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmak maksatlary bardy.

[21] Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris.

[22] Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar.

[23] Isa olaryň hilesine düşünip:

[24] «Maňa salgyt puluny görkeziň. Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler.

[25] Ol: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.

[26] Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna haýran galyp, seslerini çykarmadylar.

[27] Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdi:

[28] «Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr.

[29] Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp, perzent görmän dünýäden ötdi.

[30] Ikinjisi bilen

[31] üçünjisi hem şol aýaly aldy. Şeýdip, ýedisi hem şol aýala öýlenip, yzlarynda perzent galdyrman öldüler.

[32] Ahyrsoňy aýal hem öldi.

[33] Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn».

[34] Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, durmuşa çykýandyr.

[35] Emma geljek döwre we ölümden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de durmuşa çykar.

[36] Asla ölmezler, sebäbi olar perişdeler ýalydyr. Olar direlişiň perzentleridikleri üçin Hudaýyň perzentleridir.

[37] Musa-da ölüleriň direlýändigini tassyklap, ýanýan çaly baradaky bölümde Rebbi „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýip atlandyrýar.

[38] Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, sebäbi Onuň üçin hemmeler diridir».

[39] Töwrat mugallymlaryň käbiri: «Mugallym, gowy aýtdyň!» diýdi.

[40] Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.

[41] Onsoň Isa olara: «Näme üçin Mesih e Dawudyň ogly diýýärler?

[42] Ine, Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi:

[43] Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur“.

[44] Eger Dawut Mesih e Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» diýdi.

[45] Bütin halk Oňa gulak asyp otyrka, Isa şägirtlerine:

[46] «Töwrat mugallymlaryndan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini, sinagogalarda baş kürsüleri, meýlislerde töri halaýandyrlar.

[47] Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.

Lukanyň hoş habary — Chapters