Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:24

[1] Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.

[2] Olara şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň.

[3] Gidiň! Ine, Men sizi möjekleriň arasyna guzular kimin ýollaýaryn.

[4] Ýanyňyza gapjyk-da, torba-da, çaryk-da almaň. Ýolda hiç kim bilen salamlaşmaň.

[5] Haýsy öýe barsaňyz, öňürti: „Öýüňiz abadan bolsun!“ diýiň.

[6] Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, siziň dilän parahatlygyňyz onuň üstüne iner, ýok bolsa-da, ýene özüňize dolanar.

[7] Ol öýde galyp, olaryň berenlerini iýip-içiň, sebäbi işçi öz hakyna mynasypdyr. Öýden-öýe göçüp ýörmäň.

[8] Bir şähere baranyňyzda, kabul edilseňiz, öňüňizde näme goýulsa, şony iýiň.

[9] Ol ýerdäki hassalara şypa beriň we olara: „Hudaýyň Şalygy size golaýlady!“ diýiň.

[10] Emma başga bir şähere baranyňyzda, kabul edilmeseňiz, onuň köçelerine çykyň-da, olara:

[11] „Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň.

[12] Size aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom şäheriniň ýagdaýyndan has beter bolar.

[13] Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.

[14] Emma kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar!

[15] Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň.

[16] Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».

[17] Onsoň şol ýetmiş iki şägirt uly şatlyk bilen dolanyp gelip: «Eý, Agam! Seniň adyňy agzanymyzda, arwah-jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler.

[18] Isa olara: «Men şeýtanyň gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm.

[19] Men size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň ähli güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zeper ýetirmez.

[20] Şeýle hem siz erbet ruhlaryň özüňize boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň gökde ýazylmagyna begeniň» diýdi.

[21] Şol wagt Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.

[22] Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi.

[23] Soňra Isa şägirtlerine ýüzlenip, olara aýratyn nygtap: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler nähili bagtly!

[24] Size şuny aýdýaryn: köp pygamberler we patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler» diýdi.

[25] Bir dindar Isany synamak üçin, ýerinden turup: «Mugallym! Baky ýaşaýşy miras almak üçin men näme etmeli?» diýip sorady.

[26] Isa onuň özüne sorag bilen ýüzlenip: «Töwratda näme ýazylgy? Sen muňa nähili düşünýärsiň?» diýdi.

[27] Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz we düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň». Şeýle hem: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi.

[28] Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, sen hem şeýle et, şonda ýaşarsyň» diýdi.

[29] Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady.

[30] Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Ýeriho barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini sypyryp alýarlar-da, özünem ýenjip, çalajan halda taşlap gidýärler.

[31] Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görüp, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär.

[32] Onsoň bir lewi-de şol ýere ýeten wagty ony görüp, ýoluň beýleki tarapy bilen geçip gidýär.

[33] Şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly bolsa, bu adamy görüp, oňa ýüregi awaýar.

[34] Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerap guýup, ýaralaryny saraýar. Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär.

[35] Şol günüň ertesi myhmanhananyň eýesine iki kümüş teňňe çykaryp berip: „Muňa gowuja seret, artykmaç çykdajy etseň, yzyma gelýärkäm bererin“ diýýär.

[36] Seniň pikiriňçe, bu üç adamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň ýakyny bolýar?»

[37] Dindar: «Oňa rehim eden adam» diýip jogap berdi. Isa hem oňa: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýdi.

[38] Isa bilen şägirtleri ýollaryny dowam edip, bir oba ýetdiler. Isa oba girende, Marta atly bir aýal Ony myhman aldy.

[39] Bu aýalyň Merýem atly bir gyz dogany bardy. Ol Reb Isanyň alkymyna baryp oturyp, Onuň sözlerini diňleýärdi.

[40] Marta bolsa işleriniň köpdüginden ýaňa başagaýdy. Ol Isanyň ýanyna gelip: «Agam! Uýamyň meniň ýeke özüme hyzmat etdirip oturmagy Seniň perwaýyňa-da dälmi? Oňa aýt, maňa kömekleşsin» diýdi.

[41] Reb Isa oňa: «Wah, Marta, Marta! Sen köp zatlar barada aladalanyp başagaý bolýarsyň.

[42] Diňe bir zat gereklidir. Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiç alynmaz» diýip jogap berdi.

Lukanyň hoş habary — Chapters