Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:13

[1] Isa Mukaddes Ruhdan dolup, Iordan derýasyndan yzyna dolandy. Mukaddes Ruh Ony çöle alyp gitdi.

[2] Isa ol ýerde kyrk günläp iblis tarapyndan synaga salyndy. Şol günleriň dowamynda Ol hiç zat iýmedi, kyrk günden soň bolsa ajykdy.

[3] Iblis Oňa: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, bu daşyň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.

[4] Isa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşamaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.

[5] Soňra iblis Isany bir belent ýere çykaryp, Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny görkezdi.

[6] Iblis Isa: «Men bularyň ählisiniň hökümdarlygyny we şan-şöhratyny Saňa bereýin. Bular maňa berildi, men hem ony islänime berip bilýärin.

[7] Şonuň üçin Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýdi.

[8] Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.

[9] Soňra iblis Isany Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak okla.

[10] -

[11] Çünki şeýle ýazylgydyr: „Seni berk goramak üçin, Ol perişdelerine Sen babatda emr eder. Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.

[12] Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.

[13] Iblis Isany synaglaryň hemmesinden geçirip gutarandan soň, amatly pursat gelýänçä, Onuň ýanyndan gitdi.

[14] Isa Mukaddes Ruhuň güýji bilen Jelilä dolanyp geldi. Ol hakdaky gürrüňler etrabyň çar tarapyna ýaýrady.

[15] Ol ýahudylaryň sinagogalarynda halka öwretmäge başlady, hemmeler Oňa öwgi aýdýardylar.

[16] Bir gün Isa Öz dogduk mekany bolan Nasyra gitdi. Ol Sabat güni adatdaky ýaly sinagoga baryp, Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin ýerinden turdy.

[17] Oňa Işaýa pygamberiň kitabyny berdiler. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy:

[18] -

[19] «Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».

[20] Onsoň kitaby ýapyp, ony yzyna – hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň barynyň gözi Oňa dikildi.

[21] Isa olara: «Siziň eşiden bu mukaddes ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» diýip, gürrüňe başlady.

[22] Hemmeler Isany öwüp, Onuň agzyndan çykan ajaýyp sözlere haýran galyp: «Bu Ýusubyň Ogly dälmi?» diýip soradylar.

[23] Isa olara: «Siziň Maňa: „Eý, lukman, ilki özüňe şypa ber!“ diýen nakyly aýtjakdygyňyzy bilip durun. Siz: „Kapernaumda eden işleriňi eşitdik. Olary şu ýerde, Öz ýurduňda-da berjaý et-dä“ diýersiňiz» diýdi.

[24] Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilmeýär.

[25] Size hakykaty aýdýaryn: Ylýasyň döwründe üç ýyl alty aýlap asmandan ýekeje damja-da ýagyş damman, ähli ýurda elhenç açlyk düşende, Ysraýylda köp dul aýallar bardy.

[26] Emma Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Sidondaky Sarepat şäherinde bolan bir keseki dul aýalyň ýanyna iberildi.

[27] Şeýle hem, Elýaşa pygamberiň döwründe Ysraýylda deri keselli köp adamlar bardy. Emma Elýaşa diňe siriýaly keseki Nagamanyň ýanyna iberildi we ondan başga hiç kim tämiz bolmady».

[28] Bu sözleri eşidenlerinde, sinagogadakylaryň bary gahar-gazaba mündi.

[29] Olar aýaga galyp, Isany şäherden kowdular. Nasyra şäheri depede ýerleşýärdi. Olar Ony şol depäniň çür başyna çykaryp, aşak taşlajak boldular.

[30] Emma Isa olaryň arasyndan geçip, ol ýerden çykyp gaýtdy.

[31] Onsoň Isa Jeliläniň Kapernaum şäherine gelip, Sabat güni halka öwretmäge başlady.

[32] Halk Onuň taglymatyna haýran galdy, sebäbi Ol ygtyýarlylyk bilen gepleýärdi.

[33] Sinagogada arwah-jyn eýelän bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp:

[34] «Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.

[35] Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi. Şonda arwah-jyn ol adamy hemmeleriň öňünde ýere ýykdy-da, hiç zyýan ýetirmän, ondan çykdy.

[36] Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen arwah-jynlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler.

[37] Isa hakyndaky habar bu etrabyň çar tarapyna ýaýrady.

[38] Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini gyzdyryp ýatyrdy. Muňa Isadan kömek soradylar.

[39] Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady.

[40] Gün batanda, adamlar her dürli kesellileri Isanyň ýanyna getirdiler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup şypa berdi.

[41] Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesih digini bilýärdiler.

[42] Ertesi gün daň atanda, Isa öýden çykyp, bir çola ýere gitdi. Halk hem Onuň gözlegine çykdy. Olar Isany tapanlarynda, Ony öz ýanlarynda alyp galmaga dyrjaşdylar.

[43] Isa olara: «Men Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habaryny beýleki şäherlerde-de wagyz etmeli, hut şonuň üçin hem iberildim» diýdi.

[44] Şeýdip, Ol Ýahudyýanyň sinagogalarynda wagyz etmegini dowam etdirdi.

Lukanyň hoş habary — Chapters