Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:42

[1] Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup, aýalarynda owup iýýärdiler.

[2] Fariseýleriň käbiri olardan: «Näme üçin Sabat güni gadagan işi edýärsiňiz?» diýip sorady.

[3] Isa olara: «Dawut bilen ýanyndakylar aç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini asla okamadyňyzmy?

[4] Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýdi.

[5] Isa olara ýene-de: «Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr» diýdi.

[6] Başga bir Sabat güni Isa sinagoga baryp, halka öwretmäge durdy. Ol ýerde sag eli şel açan bir adam bardy.

[7] Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Isany aýyplamakçy boldular. Sabat güni hassa şypa berermikä diýip, Ony aňtadylar.

[8] Isa olaryň pikirlerini bilip, eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. Ol hem ýerinden turup, ortada durdy.

[9] Onsoň Isa olardan: «Size bir sowalym bar: „Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da heläk etmek?“» diýip sorady.

[10] Isa töweregindäkileriň hemmesine göz gezdirip çykdy-da, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.

[11] Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isany näme etmelidigi barada öz aralarynda maslahatlaşmaga başladylar.

[12] Şol günlerde Isa doga okamak üçin daga çykdy we bütin gijäni Hudaýa doga okap geçirdi.

[13] Gün doganda, şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on iki sanysyny saýlap, olary resullyga belledi. Olar şulardyr:

[14] -

[16] Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.

[17] Isa Özüniň on iki şägirdi bilen dagdan aşak düşüp, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde Onuň başga-da ençeme şägirtleri üýşüp, tutuş Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Sur bilen Sidonyň kenarýakalaryndan san-sajaksyz adamlar gelipdi.

[18] Olar Isany diňlemäge we kesellerine şypa tapmaga gelipdiler. Arwah-jynlardan ejir çekýänler-de şypa tapýardylar.

[19] Ähli adamlar Isa el degirjek bolup dyrjaşýardy, sebäbi Ondan çykýan güýç olaryň hemmesine şypa berýärdi.

[20] Onsoň Isa şägirtlerine nazaryny dikip, şeýle diýdi: «Eý, garyplar, siz bagtlysyňyz, çünki Hudaýyň Şalygy siziňkidir!

[21] Eý, şu wagt açlyk çekýänler, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Şindi aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki şatlykdan gülersiňiz.

[22] Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz!

[23] Şol gün şatlanyň, begençden bökjekläň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň ata-babalary-da pygamberlere şeýle daradylar.

[24] Emma waý halyňyza, eý, baýlar! Çünki siz eýýäm teselliňizi alansyňyz.

[25] Waý halyňyza, eý, şu wagt doklar! Çünki siz açlyk çekersiňiz. Waý halyňyza, eý, şu wagt gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.

[26] Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza! Çünki ata-babalary-da galp pygamberlere şeýle etdiler.

[27] Emma, eý, Meni diňleýänler, size şeýle diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň.

[28] Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ynjadýanlar üçin Hudaýa doga okaň.

[29] Bir ýaňagyňa urana beýleki ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma.

[30] Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna sorama.

[31] Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň.

[32] Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler ahyryn.

[33] Siz özüňize ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärler-de şeýle edýändirler.

[34] Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormata mynasypsyňyz? Günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýändirler.

[35] Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.

[36] Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň.

[37] Başgalary ýazgarmaň, şonda siz hem ýazgarylmarsyňyz. Hiç kimi günäkärlemäň, şonda size-de günä ýöňkelmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz.

[38] Beriň, size-de berler. Hyryn-dykyn doldurylyp, pürepür edilip, gujagyňyzy dolup-daşýan ölçeg bilen doldurylyp berler. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».

[39] Isa olara bir tymsal hem aýdyp berdi: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem çukura gaçmazmy?!

[40] Şägirt öz halypasyndan üstün däldir, emma kämilleşensoň, her kes öz halypasy ýaly bolar.

[41] Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?

[42] Nädip sen öz gözüňdäki agajy görmän, doganyňa: „Dogan! Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek? Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň».

[43] «Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez.

[44] Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ýandakdan injir, çalydan-da üzüm ýygylýan däldir.

[45] Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir.

[46] Näme üçin Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!“ diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz?

[47] Meniň ýanyma gelýän, sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän adamyň kime meňzeýändigini size beýan edeýin:

[48] ol öý salmak üçin ýeri çuň gazyp, onuň binýadyny gaýanyň üstünde tutan adama meňzeýär. Sil gelende, derýa joşup, bu öýe urulsa-da, ony sarsdyryp bilmez, sebäbi ol berk salnypdy.

[49] Emma Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik kişi topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa joşup, ol öýe uran badyna, öý ýykylar. Onuň dargaýşy-da gorkunç bolar».

Lukanyň hoş habary — Chapters