[1] Isa Özüni diňleýän halka bu sözleriň ählisini aýdyp bolandan soň, Kapernaum şäherine gitdi.
[2] Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy.
[3] Ýüzbaşy Isa hakynda eşidende, öz hyzmatkärine şypa bermegini sorap, Onuň ýanyna birnäçe ýahudy ýaşulularyny iberdi.
[4] Olar Isanyň ýanyna gelip, Oňa ýürekden ýalbaryp: «Bu adam Seniň kömek etmegiňe mynasyp, sebäbi ol biziň halkymyzy söýýär, hatda bize sinagoga hem gurup berdi» diýdiler.
[6] Şeýlelikde, Isa olar bilen gitdi. Olar ýüzbaşynyň öýüne ýakynlaşanlarynda, ýüzbaşy dostlaryndan Oňa şeýle habar iberdi: «Agam, azara galma, sebäbi Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl.
[7] Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa barmaga mynasyp saýmadym. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar.
[8] Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär».
[9] Isa bu sözleri eşidip, ýüzbaşa haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýän mähellä tarap öwrülip: «Size şuny aýdaýyn: Men hatda Ysraýylda-da şeýle beýik imany görmedim» diýdi.
[10] Onsoň iberilen adamlar yzyna öwrülip baranlarynda, hyzmatkär sagalan eken.
[11] Mundan biraz soňra Isa Naýin diýen şähere gitdi. Şägirtleri bilen uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi.
[12] Isa şäher derwezesine golaýlan wagty bir dul aýalyň ýalňyz ogluny jaýlamaga alyp barýan ekenler. Şäherden gelen uly mähelle hem bu aýalyň ýanyndady.
[13] Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.
[14] Onsoň Isa baryp, tabyda elini degirdi, ony göterip barýanlar saklandylar. Isa: «Eý, ýaş ýigit, saňa diýýärin, tur!» diýdi.
[15] Şonda merhum turup, geplemäge başlady. Isa ony ejesine gaýtaryp berdi.
[16] Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
[17] Isa baradaky bu habar tutuş Ýahudyýa we daş-töwerekdäki etraplara ýaýrady.
[18] -
[19] Ýahýanyň şägirtleri bu wakalaryň baryny oňa gürrüň berdiler. Ýahýa olardan ikisini ýanyna çagyryp: «Gelmeli Şol Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip, Reb Isadan soramak üçin olary iberdi.
[20] Olar Isanyň ýanyna gelip: «Bizi Ýahýa çümdüriji iberdi. Ol Senden: „Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?“ diýip soraýar» diýdiler.
[21] Şol wagtlar Isa köp keselleri, hassalary, erbet ruh eýelänleri bejeripdi, ençeme körleriň gözlerini açypdy.
[22] Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.
[23] Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr!» diýip jogap berdi.
[24] Ýahýanyň ilçileri gidenden soň, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy?
[25] Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýen adamymy? Emma gymmatbahaly lybaslara beslenip, şady-horramlykda ýaşaýanlar şa köşklerindedir.
[26] Ýeri, siz näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr.
[27] „Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin“ diýip ýazylan sözler hem hut şoňa degişlidir.
[28] Size şuny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Hudaýyň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir».
[29] Ähli halk, hatda salgyt ýygnaýjylar hem Ýahýanyň sözlerini eşidip, Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmek bilen Hudaýyň ýolunyň dogrudygyny tassykladylar.
[30] Emma fariseýlerdir Töwrat mugallymlary Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmekden boýun gaçyrmak bilen Hudaýyň özleri üçin niýetlän maksadyndan ýüz öwürdiler.
[31] Isa sözüni dowam etdirdi: «Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar kime meňzeýär?
[32] Olar bazarda oturyp, biri-birilerine: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler.
[33] Ine, Ýahýa çümdüriji geldi, ol iýenogam, içenogam. Siz bolsa oňa „jynly“ diýýärsiňiz.
[34] Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, siz Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärsiňiz.
[35] Emma danalygyň hakdygy onuň zürýatlarynyň ählisi tarapyndan tassyklanar».
[36] Bir gün fariseýlerden biri Isany nahara çagyrdy. Ol hem fariseýiň öýüne baryp, saçak başynda oturdy.
[37] Şol şäherde günäkär bir aýal bardy. Ol aýal Isanyň fariseýiň öýünde naharlanýandygyny bilip, çüýşe gapda hoşboý ysly ýag getirdi.
[38] Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy.
[39] Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.
[40] Munuň üçin Isa oňa: «Simun, Meniň saňa aýtmaly zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi.
[41] «Bir adam iki adama karz pul beripdir: birine – bäş ýüz kümüş teňňe, beýlekisine – elli kümüş teňňe.
[42] Bergisini bermäge hiç pullarynyň ýokdugy üçin, ol bularyň ikisiniň hem bergisini geçipdir. Munuň üçin olaryň haýsysy ony has köp söýer?»
[43] Simun: «Meniň pikirimçe, bergisi köp geçilen adam» diýip jogap berdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi.
[44] Onsoň Isa aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen bolsa aýaklarymy ýuwmaga suw-da bermediň, emma bu aýal aýaklarymy gözýaşy bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi.
[45] Sen Meni öpmediň, emma bu aýal Men öýe girenimden bäri aýaklarymy öpüp otyr.
[46] Sen başyma ýag çalmadyň, emma bu aýal aýaklaryma hoşboý ysly ýag çaldy.
[47] Şonuň üçin hem Men saňa aýdýaryn: bu aýalyň köp günäleri bagyşlanandyr. Çünki onuň söýgüsi köpdür. Günäleri az bagyşlananlaryň bolsa söýgüsi azdyr».
[48] Onsoň Isa ol aýala: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi.
[49] Isa bilen bir saçakda oturanlar öz aralarynda: «Günäleri-de bagyşlaýan bu kimkä?» diýişmäge başladylar.
[50] Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi.