[1] Ähli salgytçylar bilen günäkärler Isanyň aýdýan zatlaryny diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşýärdiler.
[2] Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.
[3] Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy:
[4] «Sizden biriniň ýüz goýny bar diýeli. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol togsan dokuzsyny düzde goýup, tä ýiten goýnuny tapýança, ony gözlemäge gitmezmi?
[5] Tapanda bolsa, ony begenç bilen egnine alyp gaýdar.
[6] Öýüne gelip, dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten goýnumy tapdym!“ diýer.
[7] Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».
[8] «Aýdaly, bir aýalyň on sany kümüş teňňesi bar eken. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, ony tapýança, üns berip gözlemezmi?
[9] Tapanda bolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten teňňämi tapdym“ diýer.
[10] Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».
[11] Isa sözüni dowam etdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken.
[12] Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden meniň paýyma düşenini ber“ diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölüp berýär.
[13] Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar.
[14] Bar zadyny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol horluk çekmäge başlaýar.
[15] Şeýlelikde, ol gidip, şol ýurduň bir ýaşaýjysyna günlükçi durýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga iberýär.
[16] Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýärdi, emma oňa hiç kim hiç zat bermeýärdi.
[17] Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!
[18] Gowusy, kakamyň ýanyna baryp, oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim.
[19] Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl. Meni öz günlükçileriňden biri ýaly kabul et diýeýin“.
[20] Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar. Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.
[21] Ogly oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl“ diýýär.
[22] Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň.
[23] Baga bakylan göläni getirip, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň!
[24] Sebäbi bu oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýýär. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.
[25] Şol wagt onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Ol öýe golaýlanda, aýdym-saz bilen oýun-gülki seslerini eşidýär.
[26] Ol hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuň sebäbini soraýar.
[27] Ol hem oňa: „Iniň gaýdyp geldi. Kakaň onuň sag-aman yzyna dolanyp geleni üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy“ diýýär.
[28] Uly ogly gaharlanyp, içeri girmek islemeýär. Şonda kakasy daşary çykyp, oňa ýalbarýar.
[29] Emma ol kakasyna şeýle jogap berýär: „Görýäňmi, men näçe ýyldyr, seniň üçin gul ýaly işledim, hiç haçan seniň buýruklaryňa ýok diýmedim. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şüweleň eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş-de bermediň.
[30] Emma ähli baýlygyňy loly heleýlere sowran bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çaldyň“.
[31] Kakasy oňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda ahyry, meniň bar zadym seniňkidir.
[32] Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».