Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:36

[1] Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Hemmeler Oňa dykgat bilen seredýärdiler.

[2] Onuň garşysynda eli-aýagy çişen bir adam otyrdy.

[3] Isa fariseýlerden we Töwrat mugallymlaryndan: «Sabat güni bir hassa şypa bermeklik kanuna dogry gelýärmi ýa-da ýok?» diýip sorady.

[4] Olar sesini çykarmadylar. Isa hem ýaňky adama elini degrip, oňa şypa berdi we öýüne iberdi.

[5] Onsoň olardan: «Biriňiziň ogluňyz ýa-da öküziňiz guýa gaçsa, Sabat günüdigine garamazdan ony dessine çykarmazmy?» diýip sorady.

[6] Olar bu soraglara jogap berip bilmediler.

[7] Isa çagyrylanlaryň töri saýlaýandyklaryny görüp, olara şu tymsaly aýtdy:

[8] «Biri seni toýa çagyranda, baryp töre geçme. Ol senden has hormatly birini çagyran bolaýmasyn.

[9] Toý eýesi gelip, saňa: „Ýeriňi bu adama ber“ diýäýmesin. Onsoň sen utanyp, işigiň ýanynda oturmaly bolarsyň.

[10] Şonuň üçin bir ýere çagyrylanyňda, aýaguçda otur. Seni çagyran ýanyňa gelip: „Eý, dost! Töre geç“ diýsin. Şonda saçak başyndaky oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar.

[11] Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».

[12] Onsoň Isa Özüni çagyrana: «Günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny bereniňde, dost-ýarlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy, baý goňşularyňy çagyrma. Eger çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, munuň öwezini dolar.

[13] Meýlis guranyňda garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr.

[14] Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolup bilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň direlen wagty berler» diýdi.

[15] Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende, Oňa: «Hudaýyň Şalygynda çörek iýjek adam nähili bagtly!» diýdi.

[16] Isa hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly meýlis gurap, birtopar adamy çagyrypdyr.

[17] Nahar wagty bolanda, ol: „Geliň, ähli zat taýýar“ diýip, myhmanlara habar bermek üçin, öz hyzmatkärini ugradýar.

[18] Emma olaryň hemmesi dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Birinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, şony görmäge gitmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla“ diýýär.

[19] Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, gaty görme“ diýýär.

[20] Ýene biri: „Men täze öýlendim, şonuň üçin baryp bilmeýärin“ diýýär.

[21] Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär.

[22] Hyzmatkär: „Jenap! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar“ diýýär.

[23] Onsoň jenap hyzmatkärine: „Öýüm dolar ýaly, obalara, onuň daş-töweregindäki meýdanlara aýlan-da, adamlary geler ýaly et“ diýýär.

[24] Men size şuny aýdaýyn: şol ilkinji çagyrylanlaryň ýekejesi hem Meniň saçagymdan datmaz».

[25] Uly mähelle Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip, olara şeýle diýdi:

[26] «Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.

[27] Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.

[28] Aýdaly, araňyzdan biri minara gurmak isleýär. Ol ilki oturyp, muny tamamlamaga pulunyň ýetip-ýetmejekdigini hasaplamazmy?

[29] Sebäbi minaranyň binýadyny tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa güler.

[30] Olar: „Bu adam muny gurmaga başlady, emma tamamlap bilmedi“ diýerler.

[31] Ýa bolmasa bir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýar diýeli. Üstüme gelýän ýigrimi müň esgere on müň esger bilen garşylyk görkezip bilermikäm diýip, ilki oturyp maslahatlaşmazmy?

[32] Başarmajak bolsa, ol duşman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar.

[33] Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.

[34] Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berler?

[35] Ol ne topraga, ne-de döküne ýarar, ony zir-zibile zyňarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»

Lukanyň hoş habary — Chapters