Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:09

[1] Isa Ýerihonyň içinden geçip barýardy.

[2] Ol ýerde Zakkaý atly bir baý adam bardy, ol salgytçylaryň başlygydy.

[3] Zakkaý Isanyň kimdigini görmek isledi, emma onuň boýy gysga bolansoň, mähelleden ýaňa Ony görüp bilmedi.

[4] Şeýlelikde, Ony görjek bolup, öňe ylgap, bir injir agajynyň üstüne çykdy, sebäbi Isa şol ýoldan gelýärdi.

[5] Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş. Bu gün Men seniň öýüňde galmaly» diýdi.

[6] Ol hem dessine aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi.

[7] Halk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başlady.

[8] Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.

[9] Isa oňa: «Bu gün bu öý halas boldy, sebäbi bu adam hem Ybraýymyň hakyky neslidir.

[10] Ynsan Ogly ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.

[11] Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Sebäbi Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halk hem Hudaýyň Şalygy basym görner diýip oýlaýardy.

[12] Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmäge ygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar.

[13] Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjun pul berýär.

[14] Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.

[15] Emma muňa garamazdan, ol ygtyýarlyk alyp, yzyna dolanýar. Soňra ol pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, kimiň näme gazananyny bilmek isleýär.

[16] Birinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň on horjun pul gazandy“ diýýär.

[17] Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin on şähere häkim bol“ diýýär.

[18] Ikinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň bäş horjun pul gazandy“ diýýär.

[19] Hojaýyny oňa hem: „Sen hem bäş şähere häkim bol“ diýýär.

[20] Onsoň üçünji hyzmatkäri gelip: „Hojaýyn! Ine, seniň bir horjun puluň, men ony bir uly ýaglyga düwüp sakladym.

[21] Men senden gorkdum, sebäbi sen gaty özdiýenli adam. Sen goýmadyk ýeriňden alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň“ diýýär.

[22] Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?

[23] Onda näme üçin pulumy işletmäge bermediň? Men gelenimde, ony peýdasy bilen alardym“ diýýär.

[24] Onsoň hojaýyn ol ýerde duranlara: „Onuň elinden puly alyň-da, on horjunla beriň“ diýýär.

[25] Olar oňa: „Hojaýyn, onuň özünde öňem on horjun pul bar ahyry!“ diýýärler.

[26] Ol: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.

[27] Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».

[28] Isa bulary aýdyp bolansoň, ýoluny dowam etdirip, Iýerusalime tarap ugrady.

[29] Ol Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, iki şägirdini ýollap, olara:

[30] «Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alyp geliň.

[31] Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“ diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek“ diýiň» diýdi.

[32] Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar.

[33] Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar.

[34] Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler.

[35] Taýhary Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar-da, Isany oňa mündürdiler.

[36] Ol gidip barýarka, adamlar donlaryny ýola düşeýärdiler.

[37] Isa Zeýtun dagyndan aşak inýän ýola golaýlanda, şägirtleriň hemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar.

[38] Olar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler.

[39] Mähelläniň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňiň agzyny ýumdur!» diýdiler.

[40] Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi.

[41] Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady.

[42] Ol şeýle diýdi: «Wah, käşgä sen bu gün özüňe nämäniň parahatlyk getirjekdigini bilsediň! Emma bu entek seniň gözleriňden gizlin.

[43] Seniň başyňa şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar, her ýandan gysyp-gowrarlar.

[44] Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».

[45] Onsoň Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady.

[46] Isa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi bolar“ diýip ýazylgydyr, emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi.

[47] Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler.

[48] Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.

Lukanyň hoş habary — Chapters