Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 10:57

[1] Hormatly Teofil! Ençeme adamlar aramyzda bolup geçen wakalaryň taryhyny ýazmaga girişdiler.

[2] Şol wakalary bize ilkibaşdan gözleri bilen gören şaýatlar we Hudaýyň Hoş Habarynyň hyzmatçylary ýetirdi.

[3] Şonuň üçin, eý, gadyrly Teofil, meniň özüm hem bolup geçen wakalaryň anygyna ýetip, saňa hemmesini jikme-jik ýazmagy ýüregime düwdüm.

[4] Indi sen özüňe öwredilen zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirersiň.

[5] Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi.

[6] Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.

[7] Emma Elizabetiň önelgesizdigine görä, olaryň perzendi ýokdy. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdi.

[8] Bir gün Zekarýa öz toparynyň nobatçylyk gezeginde, Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edýärdi.

[9] Şonda ruhanylyk adaty boýunça, ýakymly ysly tütetgi tütetmek üçin, Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi.

[10] Tütetgi tütetmeli pursady geldi, ähli jemagat daşarda Hudaýa doga okap durdy.

[11] Şol wagt tütetgi sypasynyň sagynda duran Rebbiň bir perişdesi Zekarýa göründi.

[12] Zekarýa ony görüp, özüni ýitirdi, ony gorky gaplady.

[13] Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň.

[14] Bu saňa uly şatlyk getirer, onuň doglanyna köp adamlar şatlanar.

[15] Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.

[16] Ol ysraýyl halkyndan köp adamy özleriniň Hudaýy Rebbe tarap öwrer.

[17] Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesih iň öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar».

[18] Zekarýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi.

[19] Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim.

[20] Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi.

[21] Şol wagt Zekarýa garaşyp duran halk onuň ybadathanada eglenenine geň galdy.

[22] Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.

[23] Hyzmat etmeli wagty tamamlanansoň, Zekarýa öýüne gaýtdy.

[24] Aradan köp wagt geçmänkä, onuň aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäş aýlap hiç ýere çykmady, öýünde boldy.

[25] Ol: «Muny meniň üçin eden Rebdir. Indi Ol maňa nazar salyp, il arasyndaky utanjymdan dyndardy» diýýärdi.

[26] Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Hudaý Jebraýyl perişdäni Jeliläniň Nasyra şäherine,

[27] Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir boý gyzyň ýanyna iberdi. Ol gyzyň ady Merýemdi.

[28] Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, ýalkanan gyz! Reb seniň bilendir!» diýdi.

[29] Merýem bu sözlere ör-gökden gelip, bu salamyň näme aňladýandygyny biljek bolup pikire batdy.

[30] Perişde oňa ýüzlenip: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň.

[31] Sen göwreli bolup, bir Ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň.

[32] Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer.

[33] Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi.

[34] Merýem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok ahyry» diýdi.

[35] Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.

[36] Anha, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrydygyna garamazdan, göwresinde çaga bar. Önelgesiz diýilýän bu aýal eýýäm alty aý bäri göwrelidir.

[37] Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi.

[38] Merýem: «Men Rebbiň gyrnagydyryn. Goý, maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Onsoň perişde onuň ýanyndan gitdi.

[39] Şol günlerde Merýem ýol şaýyny tutup, gyssanmaç Ýahudyýanyň daglyk ülkesindäki bir şähere gitdi.

[40] Ol ýerde Zekarýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi.

[41] Merýemiň salamyny eşiden badyna, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruhdan doldy.

[42] Ol batly gygyryp: «Sen aýallar arasynda ýalkanansyň, göwräňdäki çaga hem ýalkanandyr!

[43] Rebbimiň enesi meniň ýanyma geler ýaly, men nädip beýle ýalkandymkam?

[44] Salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden ýaňa gymyldady.

[45] Rebbiň aýdanlarynyň amala aşjakdygyna iman eden aýal bagtlydyr!» diýdi.

[46] Merýem şeýle diýdi: «Janym Rebbi beýgeldýär,

[47] ruhum Halasgärim Hudaýa şatlanýar.

[48] Ol men pespäl gyrnagyna nazaryn saldy. Mundan beýläk ähli nesiller maňa bagtly diýerler.

[49] Gudratygüýçli meniň üçin beýik işler etdi. Onuň ady mukaddesdir.

[50] Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.

[51] Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy, öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.

[52] Hökümdarlary tagtyndan düşürip, pespäl adamlary beýgeltdi.

[53] Açlary näz-nygmatdan doýrup, baýlary bolsa boş gaýtardy.

[54] -

[55] Atalarymyza söz berşi ýaly, Ybraýym bilen onuň nesline rehimdarlyk etmegi hiç unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi».

[56] Merýem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.

[57] Elizabetiň aýy-güni dolup, bir ogul dogurdy.

[58] Goňşularydyr dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa beýik merhemet edendigini eşidip, onuň bilen şatlandylar.

[59] Sekizinji gün çagany sünnet etmäge geldiler. Oňa kakasy Zekarýanyň adyny dakjak boldular.

[60] Emma ejesi muňa garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi.

[61] Olar oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atlysy ýok ahyry» diýdiler.

[62] Onsoň olar çaganyň kakasyna üm bilen düşündirip, onuň adyna näme dakmakçydygyny soradylar.

[63] Zekarýa hem ýazar ýaly bir tagtajyk tapyp, oňa «Ady Ýahýa» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdy.

[64] Şol wagt Zekarýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady.

[65] Goňşularyň hemmesini gorky gaplady. Ýahudyýa daglygynyň ähli ýerinde bu bolan wakalaryň barysy hakda gürrüň edildi.

[66] Muny eşidenleriň bary bu zatlar hakda oý-pikire batyp: «Bu çaga kim bolarka?» diýişýärdi. Çünki Rebbiň güýji onuň bilendi.

[67] Çaganyň kakasy Zekarýa Mukaddes Ruhdan dolup, şeýle pygamberlik etdi:

[68] «Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.

[69] -

[71] Öňki zamanda mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly, duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge, ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga, Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykardy.

[72] Ol muny atalarymyza rehimdarlyk etmek üçin, Öz mukaddes ähtini ýatda saklamak üçin etdi.

[73] Atamyz Ybraýyma ant içip, şeýle söz berdi:

[74] -

[75] Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge, ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz, mukaddeslik hem dogrulyk bilen gulluk etmäge mümkinçilik berdi.

[76] Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň! Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.

[77] Günäleriniň bagyşlanmagy arkaly olaryň halas boljakdygyny Onuň halkyna mälim edersiň.

[78] Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr: Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer.

[79] Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar, aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».

[80] Şunlukda, çaga ösýärdi we ruhy taýdan güýçlenýärdi. Ol ysraýyl halkyna görünmeli günlerine çenli çölde ýaşady.

Lukanyň hoş habary — Chapters