Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:29

[1] Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatyň jelilelilere edenleri barada Isa habar berdiler. Pilat olaryň käbirini öldürip, olaryň ganlaryny kesip duran gurbanlyklaryna goşupdy.

[2] Isa şeýle jogap berdi: «Şeýle ejir çeken bu jelilelileri beýleki ähli jelilelilerden has köp günäli hasaplaýarsyňyzmy?

[3] Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz.

[4] Ýa Siloýam minarasy üstlerine ýykylyp ölen on sekiz adam ýadyňyzda dälmi? Eýsem şolar Iýerusalimdäkilerden has köp ýazyklydyr öýdýäňizmi?

[5] Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz».

[6] Onsoň Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne hiç zat tapmaýar.

[7] Ol bagbana: „Men üç ýyldan bäri gelip, bu injir agajyndan miwe gözleýän, emma birini-de tapamok. Ony kesip taşla! Ol nämä biderek ýer tutup otyr?“ diýýär.

[8] Emma bagban oňa: „Agam, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökün bereýin.

[9] Geljek ýyl miwe berse-hä ne ýagşy, bermese-de, ony kesip taşlarsyň“ diýýär».

[10] Bir Sabat güni Isa sinagogalaryň birinde halka öwredýärdi.

[11] Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde hassalyk ruhy bolan bili bükük bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla dikelip bilmeýärdi.

[12] Isa ony görende, ýanyna çagyryp: «Naçar! Sen çekýän ejirleriňden halas bolduň» diýdi.

[13] Onsoň Isa ellerini aýalyň üstünde goýdy welin, ol şobada dikelip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady.

[14] Emma Isanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelen sinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerde geliň» diýdi.

[15] Reb Isa hem oňa: «Eý, ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküziňizi ýa eşegiňizi ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýärsiňiz?

[16] Bu aýal on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan Ybraýymyň gyzydyr. Eýsem Sabat güni bolany üçin ol bu zynjyrdan azat edilmeli dälmi?» diýdi.

[17] Isa bu sözleri aýdan wagty, Oňa garşy çykanlaryň hemmesi utandy. Halk bolsa Onuň edýän ajaýyp işlerine begendi.

[18] Onsoň Isa: «Hudaýyň Şalygy nämä meňzeýär? Ony nämä meňzedeýin?

[19] Ol bir adamyň öz mellegine eken gorçisa tohumyna meňzeşdir. Ol ösüp, agaja öwrülýär, guşlaram onuň şahalarynda höwürtge ýasanýarlar» diýdi.

[20] Isa ýene-de söz açyp: «Hudaýyň Şalygyny nämä meňzedeýin?

[21] Ol hamyrmaýa meňzeýär: aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär» diýdi.

[22] Isa Iýerusalime tarap gidip barşyna, şäherleriň, obalaryň içinden geçip, adamlara öwredýärdi.

[23] Bir adam Ondan: «Eý, Agam! Halas ediljekleriň sany az bolarmyka?» diýip sorady. Isa olara şeýle diýdi:

[24] «Men size diýýärin: dar gapydan girmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge jan ederler, emma başarmazlar.

[25] Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer.

[26] Şonda siz: „Biz seniň bilen iýip-içdik. Sen köçelerimizde bize sapak berdiň“ diýersiňiz.

[27] Emma ol ýene-de: „Men sizi tanamok! Niredendigiňizi-de bilemok! Ýok boluň ýanymdan, eý, erbetler!“ diýip jogap berer.

[28] Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Şalygynda, özüňiziň bolsa daşary kowlanyňyzy gören wagtyňyz, ol ýerde aglama hem diş gyjama bolar.

[29] Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Şalygynda saçak başynda oturarlar.

[30] Dogrudan-da, ilkinjiler boljak soňkular bar we soňkular boljak ilkinjiler bar».

[31] Şol wagt käbir fariseýler gelip, Isa: «Bu ýerden çykyp, başga ýere git. Hirod Seni öldürmek isleýär» diýdiler.

[32] Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir arwah-jynlary kowup, şypa bererin, üçülenji güni işimi bitirerin.

[33] Emma şonda-da Men bu gün, ertir we birigün ýol ýöremeli, sebäbi pygamberiň Iýerusalimden daşarda ölmegi bolup biljek zat däldir!

[34] Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!

[35] Ine, öýüňiz haraba öwrüler. Size şuny aýdaýyn: „Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!“ diýýänçäňiz, Meni gaýtadan görmersiňiz».

Lukanyň hoş habary — Chapters