[1] Onsoň ol adam meni gündogar tarapa bakyp duran derwezä getirdi.
[2] Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.
[3] Bu görnüş Hudaýyň Iýerusalimi heläk etmäge gelendäki we Kebar kanalynyň ýakasyndaky gören görnüşlerime meňzeşdi; men ýere ýüzin ýykyldym.
[4] Rebbiň şöhraty gündogara tarap bakýan derwezeden öýe girdi.
[5] Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy.
[6] Ýaňky adam ýanymda durka, men öýden biriniň özüme söz gatýandygyny eşitdim.
[7] Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, seždegählerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler.
[8] Olar bosagasyny bosagamyň, gapylarynyň söýesini gapymyň söýesiniň ýanynda gurdular, Men bilen olaryň arasynda diňe bir diwar bardy; olar nejis işleri bilen Meniň mukaddes adymy haram etdiler; Men gahar-gazabym bilen olary heläk etdim.
[9] Indi zynalaryny we patyşalarynyň heýkellerini Menden uzaklaşdyrsynlar, Men hem ebedilik olaryň arasynda mesgen tutaryn.
[10] Sen, eý, ynsan ogly, ysraýyl halkyny bu öýden habarly et, goý, onuň nusgasyny ölçesinler we etmişlerinden ýaňa utansynlar.
[11] Eger eden ähli işleri üçin utansalar, öýüň gurluşyny, onuň ýerbe-ýerdigini, girelgelerini we çykalgalaryny, tutuş taslamasyny we düzgünlerini, ähli meýilnamalaryny we kanunlaryny olara aýan et, gözleriniň alnynda şuny ýaz. Şeýdip, onuň tutuş meýilnamasyny we ähli düzgünlerini saklasynlar, olary berjaý etsinler.
[12] Hudaýyň öýüniň kanuny şeýledir: dagyň başynda onuň ähli töwereginiň araçägi örän mukaddes ýer bolar. Ine, Hudaýyň öýüniň kanuny şudur».
[13] Bir tirsek we dört barmak bolan uzyn tirsek boýunça gurbanlyk sypasynyň ölçegi şeýledir: onuň ýapjagazynyň çuňlugy-da, ini-de bir tirsek, ýabyň gyrasy töwerekleýin bir garyş. Gurbanlyk sypasynyň esasy düýbi budur.
[14] Arykdan aşaky diwara çenli beýikligi iki, ini bir tirsekdir; kiçi diwardan uly diwara çenli beýikligi dört, ini bir tirsekdir.
[15] Gurbanlyk sypasynyň beýikligi dört tirsek. Onuň üstünden ýokarlygyna dört şah bolar.
[16] Gurbanlyk sypasynyň üst böleginiň ojagynyň boýy on iki tirsek, ini on iki tirsek bolup, her dört tarapdan inedördül bolar.
[17] Uly diwaryň her dört tarapynyň uzynlygy we ini on dört tirsek bolar. Onuň her dört gapdalyndaky ýabyň gyrasy ýarym tirsek, töwerekleýin ýapjagazy bir tirsek bolup, basgançaklary gündogar tarapda bolar.
[18] Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Gurbanlyk sypasyny dikeniňizde, onuň üstünde ýakma gurbanlyklary hödür etmek we oňa gan serpmek üçin düzgünler şulardyr:
[19] Maňa hyzmat etmek üçin huzuryma gelen Sadok neslinden bolan ruhanylara günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe ber. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
[20] Onuň ganyndan al-da, gurbanlyk sypasynyň dört şahyna, diwaryň dört burçuna we töwerekleýin ýabyň gyrasyna çal; bu ony tämizläp, haramlygyndan sapladygyň bolar.
[21] Günä gurbanlygy bolan öküzçäni al-da, Hudaýyň öýüniň bellenen ýerinde, mukaddes ýeriň daşynda ýak.
[22] Ikinji gün günä gurbanlygy hökmünde şikessiz bir erkeji hödür et we gurbanlyk sypasyny öküzçe bilen nähili tämizlän bolsaň, ýene-de şeýdip tämizle.
[23] Tämizleme işini tamamlanyňdan soň, şikessiz bir öküzçe bilen sürüden şikessiz bir goç hödür et.
[24] Olary Rebbiň huzuryna getir, ruhanylar üstüne duz sepip, ýakma gurbanlygy hökmünde olary Rebbe hödür ederler.
[25] Ýedi günläp günä gurbanlygy hökmünde her gün bir erkeç taýýarla; şikessiz bir öküzçe bilen sürüden bir goç taýýarla.
[26] Olar gurbanlyk sypasyny ýedi günläp murdarlygyndan saplarlar, ony tämizläp, mukaddes ederler.
[27] Ýedi gün tamamlanandan soň, sekizinji günden başlap, ruhanylar gurbanlyk sypasynda ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryňyzy hödür ederler. Onsoň Men sizden razy bolaryn“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.