Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:59

[1] Soňra men keruplaryň ýokarsyndaky gümmeziň depesinde ýakut ýaly tagtyň şekilini gördüm.

[2] Reb eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen adama: «Keruplaryň aşagyndaky tigirleriň arasyna gir. Keruplaryň aralarynda ýanyp duran közlerden goşawujyňy doldur-da, şäheriň üstüne seç» diýdi. Ol adam meniň gözümiň alnynda tigirleriň arasyna girdi.

[3] Ýaňky adam girende keruplar Hudaýyň öýüniň günorta tarapynda durdular. Bulut içki howlyny doldurdy.

[4] Rebbiň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna gelip durdy. Hudaýyň öýi bulutdan doldy; howly bolsa Rebbiň şöhratynyň ýalkymyndan doludy.

[5] Keruplaryň ganatlarynyň sesi Gudratygüýçli Hudaýyň geplänindäki sesi ýaly daşky howluda--da eşidildi.

[6] Ol eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen adama: «Tigirleriň arasyndan, keruplaryň aralygyndan köz al» diýip tabşyranynda, ýaňky adam girip, tigirleriň ýanynda durdy.

[7] Keruplaryň biri özleriniň aralaryndaky köze elini uzadyp, ondan aldy-da, eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen adamyň elleriniň aýasynda goýdy. Ol-da ony alyp çykdy.

[8] Keruplaryň ganatlarynyň aşagyndan adam eliniň şekili göründi.

[9] Görsem, keruplaryň gapdalynda dört tigir bar eken. Her bir kerubyň gapdalynda bir tigir bardy, tigirler sary ýakut kimin ýalpyldaýardy.

[10] Dördüsiniň-de görnüşi birdi, edil tigir içinde tigir bar ýalydy.

[11] Olar ýöränlerinde, dört tarapa hereket edýärdiler; saga-sola öwrülmeýärdiler, bir kelle haýsy tarapa öwrülse, beýlekiler hem hiç ýana gyşarman, şol tarapa ýöreýärdiler.

[12] Bütin göwreleri, arkalary, elleri, ganatlary we tigirleri dördüsiniň-de tigirleri tutuşlygyna gözlerden doludy.

[13] Tigirler bolsa, meniň eşidişim ýaly, «Aýlanýan tigirler» diýlip atlandyryldy.

[14] Olaryň her haýsynyň dört ýüzi bardy. Birinji ýüz kerup ýüzüne, ikinji ýüz ynsan, üçünji ýüz arslan, dördünji ýüz bolsa bürgüt ýüzüne meňzeýärdi.

[15] Keruplar ýerinden galdylar. Bular meniň Kebar kanalynyň ýakasynda gören jandarlarymdy.

[16] Keruplar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň gapdalyndan ýöreýärdiler. Ýerden galmak üçin keruplar ganatlaryny galdyranlarynda, tigirler-de olaryň gapdalyndan aýrylmaýardylar.

[17] Jandarlar duranlarynda, tigirler-de durýardylar. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, jandarlar ýokary galanlarynda, bular-da galýardylar.

[18] Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüniň bosagasyndan aýrylyp, keruplaryň üstünde durdy.

[19] Keruplar ganatlaryny galdyryp, meniň gözümiň alnynda ýokary galdylar. Olar çykanlarynda, tigirler-de olar bilen bile çykyp, Rebbiň öýüniň gündogar derwezesiniň girelgesinde durdular. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň depesindedi.

[20] Bular meniň Kebar kanalynyň ýakasynda, Ysraýyl Hudaýynyň aýagynyň astynda gören jandarlarymdy. Men olaryň keruplardygyna göz ýetirdim.

[21] Her haýsynyň dört ýüzi, dört ganaty bolup, ganatlarynyň aşagynda ynsan eline meňzeş bir zat bardy.

[22] Olaryň ýüz keşpleri edil meniň Kebar kanalynyň ýakasynda gören ýüzlerim ýalydy, her biri gös-göni öňe ýöreýärdi.

Ezekiýel — Chapters