Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:27

[1] Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň daşky otagyna getirip, onuň söýelerini ölçedi, onuň ini her ýandan alty tirsekdi; bu öňki mukaddes çadyryň giňligi ýalydy.

[2] Girelgäniň ini on tirsekdi; oňa her iki tarapdan birleşýän diwarlaryň ini bäş tirsekdi. Ol daşky otagy hem ölçedi, onuň uzynlygy kyrk tirsek, ini ýigrimi tirsekdi.

[3] Onsoň ol içki otaga girip, girelgäniň her söýesini ölçedi, olaryň her biriniň ini iki tirsekdi. Girelgäniň ini alty tirsekdi we oňa her iki tarapdan birleşýän diwarlaryň ini ýedi tirsekdi.

[4] Ol adam daşky otagyň öňündäki bu otagy ölçedi: uzynlygy-da, ini-de ýigrimi tirsekdi. Onsoň ol maňa: «Bu iň mukaddes otagdyr» diýdi.

[5] Hudaýyň öýüniň diwaryny ölçedi, onuň galyňlygy alty tirsekdi; onuň tutuş daş-töweregindäki gapdal otaglarynyň ini dört tirsekdi.

[6] Otag üstünde otag bolup, gapdal otaglar üç gatdy we her gatda otuz otag bardy. Pürsler öýüň diwarlaryna girmesin diýip, öýüň diwarlarynda gapdal otaglara goldaw berýän çykgytlar bardy.

[7] Hudaýyň öýüniň töweregindäki gapdal otaglar ýokary gata çykdygyňça giňelýärdi, sebäbi öýüň diwarlarynyň düýbi ýokarsyna garanda inlidi. Ýokary gatlara çykdygyňça-da, otaglar giňelýärdi. Şeýle-de, iň aşaky otagdan iň ýokarky otaga ortaky otagdan çykylýardy.

[8] Men bu öýüň daş-töwerekleýin belentligini gördüm; gapdal otaglaryň düýpleri doly bir ölçeg taýagyna, ýagny alty tirsege deňdi.

[9] Gapdal otaglaryň daşky diwarynyň galyňlygy bäş tirsekdi; öýüň gapdal otaglary bilen howlynyň otaglarynyň arasynda boş aralyk bardy. Onuň ini ýigrimi tirsek bolup, öýi daş-töwerekleýin gurşap alýardy.

[11] Gapdal otaglar açyk giňişlige tarap açylýardy. Demirgazyk tarapdaky otaglara girilýän bir gapy bardy, günorta tarapynda hem bir gapy bardy; töwerekleýin açyk giňişligiň ini bolsa bäş tirsekdi.

[12] Günbatardaky meýdançanyň öňünde bir ymarat bardy, onuň ini ýetmiş tirsekdi; diwarynyň galyňlygy her ýandan bäş tirsek, uzynlygy togsan tirsekdi.

[13] Soňra ol adam Hudaýyň öýüni ölçedi: uzynlygy ýüz tirsekdi; onuň meýdançasy, jaýy, diwarlary bilen birlikde ýüz tirsek çykdy.

[14] Öýüň gündogar tarapynyň we meýdançasynyň ini hem ýüz tirsekdi.

[15] Onsoň ol öýüň arkasyndaky meýdança bakyp duran ymaratyň uzynlygyny ölçedi, her tarapyndaky eýwanlary bilen birlikde onuň uzynlygy ýüz tirsekdi. Daşky otag, içki otag, howla bakyp duran eýwan,

[16] bosagalar, tagçalar, bosaganyň garşysyndaky üçtaraplaýyn diwarly eýwança ýerden tagçalaryna çenli agaç gapylydy. Bu tagçalar penjire görnüşindedi.

[17] -

[18] Gapynyň depesi, içki hem daşky otaglary, öýüň tutuş diwarlary nagyşlar bilen haşamlanyp, olara keruplaryň we palma agaçlaryň şekilleri salnypdy; iki kerubyň arasynda bir palma agajy bolup, her kerubyň iki ýüzi bardy.

[19] Bir tarapynda palma agajyna bakýan ynsanyň ýüzi bardy, beýleki tarapynda palma agajyna bakýan ýaş arslanyň ýüzi bardy. Tutuş öýüň ähli töweregine şeýle edilipdi.

[20] Daşky otagyň diwarynyň ýüzüne aşakdan gapynyň depesine çenli keruplar haşamlanandy; öýüň diwarynyň ýüzi-de şeýledi.

[21] Daşky otagyň gapy söýeleri inedördüldi; iň mukaddes otagyň öňündäki gapy söýeleri-de bulara meňzeýärdi.

[22] Gurbanlyk sypasy agaçdan bolup, beýikligi üç tirsek, uzynlygy iki tirsekdi; burçlary, uzynlygy we diwarlary hem agaçdandy. Ol maňa: «Rebbiň huzuryndaky hantagta budur» diýdi.

[23] Daşky otag bilen iň mukaddes otagyň iki-ikiden goşa gapysy bardy.

[24] Her gapynyň iki taýy, açylyp-ýapylýan iki taýy bardy; iki taýy bir gapynyňky, iki taýy-da beýleki gapynyňkydy.

[25] Diwarlaryň ýüzüne çekilişi ýaly, daşky otagyň gapylaryna-da keruplar bilen palma agaçlary oýulyp çekilendi; daşarda eýwanyň öňünde dalan bardy.

[26] Eýwanyň gapdal diwarlarynda penjire görnüşli tagçalaryň we palma agaçlarynyň şekili bardy. Öýüň gapdal otaglary we dalan hem şeýledi.

Ezekiýel — Chapters