Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:01

[1] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.

[3] Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler.

[4] Gündiz olaryň gözleriniň alnynda sürgün edilýäniň goşy kimin goşuňy çykar we sürgün edilýän kişi kimin olaryň gözleriniň alnynda agşam ýola düş.

[5] Olaryň gözleriniň alnynda diwary oý-da, goşuňy ondan çykar.

[6] Olaryň gözleriniň alnynda goşuňy gerşiňde göter-de, garaňkyda çyk, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüňi büre, çünki Men seni ysraýyl halky üçin bir alamat etdim».

[7] Men hem özüme buýrulyşy ýaly etdim. Goşumy sürgüne gidýäniň goşy kimin ilki gündiz çykardym. Agşam diwary elim bilen oýup, goşumy garaňkyda çykardym, olaryň gözleriniň alnynda ony gerşimde göterdim.

[8] Säher bilen maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[9] «Eý, ynsan ogly! Bu pitneçi ysraýyl halky senden: „Sen näme edýärsiň?“ diýip sorady, şeýle dälmi?»

[10] Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Bu Iýerusalimdäki hökümdara we onuň içindäki ähli ysraýyl halkyna degişli pygamberlikdir.

[11] Olara: „Men size bir nyşandyryn, men näme eden bolsam, olar-da şeýle ederler, olar ýesir düşüp, sürgüne giderler“ diý.

[12] Aralaryndaky hökümdar goşlaryny gerşinde göterip, garaňkyda daşary çykarar. Ony çykarmak üçin diwary oýar, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüni bürär.

[13] Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.

[14] Onuň töweregindäkileri, ähli kömekçilerini we ähli nökerlerini ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzlaryndan kowalaryn.

[15] Olary ýurtlara dargadanymda, milletler arasyna pytradanymda, Meniň Rebdigimi bilerler.

[16] Baran ýerlerindäki milletleriň arasynda öz nejisliklerini gürrüň berer ýaly, olaryň birazyny gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».

[17] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[18] «Eý, ynsan ogly! Çöregiňi sandyrap iý, suwuňy gorkudan ýaňa titräp iç.

[19] Ýurduň halkyna, Iýerusalim ilatyna we ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olar çöreklerini gorky bilen iýip, suwlaryny howp astynda içerler, sebäbi ol ýerde ýaşaýanlaryň eden zorlugy zerarly ýurt çolaryp galar.

[20] Ilatly galalar weýran bolar, ýurt haraba döner. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».

[21] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[22] «Eý, ynsan ogly! Siziň ysraýyl ýurdunda „Günler geçer gider, her bir aýanlyk puç bolar“ diýýän bu nakylyňyz näme?

[23] Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu nakyly ýok ederin, gaýdyp ony Ysraýylda nakyl edip aýtmazlar“. Ýene-de olara: „Günler ýakyndyr, ähli aýanlygyň amala aşmagynyň günleri ýakyndyr“ diý.

[24] Mundan beýläk ysraýyl halkynyň arasynda ýalan aýanlyk we aldawçy palçylyk bolmaz.

[25] Muny Reb bolan Men aýdýandyryn we Meniň aýdan zatlarym amala-da aşar. Eý, pitneçi halk, indi bu gaýra goýulmaz, Men sözi aýdaryn we ony amala aşyraryn». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

[26] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[27] «Eý, ynsan ogly! Ine, ysraýyl halky: „Oňa gelen aýanlyk geljekki günler üçindir, ol uzak geljek barada pygamberlik edýär“ diýýär.

[28] Munuň üçin olara Hökmürowan Rebbiň sözüni ýetir: „Meniň sözlerimiň hiç biri indi gaýra goýulmaz, näme aýtsam, şol söz amala aşar“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

Ezekiýel — Chapters