[1] Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýigrimi bäşinji ýylynyň birinji aýynyň onuna Iýerusalim şäheriniň ýykylmagynyň on dördünji ýyly, edil şol gün Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni şol ýere äkitdi.
[2] Görnüşde Hudaý meni Ysraýyl ýurduna getirip, bir belent dagyň üstünde goýdy. Günorta tarapda şähere meňzeş binalar bar ýalydy.
[3] Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy.
[4] Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et».
[5] Ine, Hudaýyň öýüniň daşynda töwerekleýin diwar bardy. Ýaňky adamyň elinde uzynlygy alty tirsek bolan ölçeg taýagy bardy, her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy. Ol diwaryň galyňlygyny ölçedi: onuň ini-de, boýy-da bir ölçeg taýagyna deňdi.
[6] Onsoň ol gündogar tarapdaky derwezä gelip, onuň basgançaklary bilen gapysynyň ýanyna çykyp, onuň bosagasyny ölçedi: onuň ini bir ölçeg taýagydy. Bu bosaganyň ini bir ölçeg taýagydy.
[7] Her hüjräniň uzynlygy-da, ini-de bir ölçeg taýagydy. Hüjreleriň aralygy bäş tirsekdi. Hudaýyň öýüne tarap bakýan eýwanyň ýanyndaky gapynyň bosagasynyň uzynlygy bir ölçeg taýagydy.
[8] Soňra ol derwezäniň içki eýwanyny ölçedi, ini alty tirsek, uzynlygy sekiz tirsek çykdy. Söýeleriniň galyňlygy iki tirsekdi; derwezäniň içki eýwany Hudaýyň öýüne tarap bakyp durdy.
[10] Gündogar tarapdaky derwezäniň hüjreleri her ýandan üçdi; üçüsiniň-de ölçegi birdi; söýeleriň ölçegi hem her ýandan birdi.
[11] Ol derwezäniň agzynyň inini ölçedi, on tirsek boldy we içki derwezäniň uzynlygy on üç tirsek boldy.
[12] Hüjreleriň öňünde her tarapdan bir tirseklik diwar bardy; hüjreleriň ölçegi her ýandan alty tirsekdi.
[13] Ol derwezäni bir hüjräniň üçeginden beýleki üçegine çenli ölçedi: onuň ini ýigrimi bäş tirsek çykdy, hüjreleriň girelgeleri biri-birine bakyşyp durdular.
[14] Derwezäniň girelgesindäki däliziň töwerekleýin ölçegi altmyş tirsek çykdy.
[15] Derwezäniň girelgesinden içki eýwanyň aňry başyna çenli uzynlyk elli tirsekdi.
[16] Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy.
[17] Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy.
[18] Derwezeleriň iki gapdalyndaky daş ýoluň giňligi derwezeleriň uzynlygyna deňdi. Bu aşaky daş ýoldy.
[19] Onsoň ol aşaky derwezäniň öňünden içki howlynyň öňüne çenli bolan giňişligi daşardan ölçedi: ol ýüz tirsek çykdy; gündogar we demirgazyk tarapda-da şeýledi.
[20] Daşky howlynyň demirgazygyndaky derwezäniň-de uzynlygyny we inini ölçedi.
[21] Onuň hüjreleri bu ýanda üç, ol ýanda hem üçdi; söýeleriň we eýwanyň ölçegi birinji derwezäniň ölçegi bilen meňzeşdi; uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
[22] Onuň tagçalary, eýwany we çekilen palma agaçlarynyň şekili gündogar tarapdaky derwezäniň ölçegine görädi. Oňa ýedi basgançakdan çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy.
[23] Içki howlynyň derwezeleri demirgazyk we gündogar tarapdaky derwezeler bakyşyp durdular; derwezeden derwezä çenli aralygy ölçedi: ol ýüz tirsek çykdy.
[24] Onsoň ol adam meni günorta tarapa äkitdi; ine, günorta tarapa bakýan bir derweze bardy; onuň söýelerini we eýwanyny ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.
[25] Derwezede we eýwanda öňki tagçalar ýaly tagçalar bardy we derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
[26] Oňa çykar ýaly ýedi basgançak bardy we olar eýwana alyp barýardy. Onuň söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; olaryň biri bu ýanda, beýlekisi ol ýandady.
[27] Içki howlynyň günorta derwezesi bardy; ol adam günorta derwezeden beýleki derwezä çenli uzynlygyny ölçedi, ol ýüz tirsek çykdy.
[28] Soňra ol meni günortadaky derwezeden içki howla getirdi we günortadaky derwezäni ölçedi; munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.
[29] Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi. Derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bardy. Derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
[30] Howlynyň her gapdalynda uzynlygy ýigrimi bäş tirsek, ini bäş tirsek bolan eýwanlary bardy.
[31] Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.
[32] Onsoň ol meni içki howla, onuň gündogar tarapyna getirdi; derwezäni ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.
[33] Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi; derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bolup, derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
[34] Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.
[35] Onsoň ol meni demirgazykdaky derwezä getirdi; ony ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.
[36] Munuň-da hüjreleri, söýeleri, eýwany we tutuş töweregindäki tagçalary meňzeşdi. Onuň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
[37] Onuň eýwany daşky howla tarap bakýardy; söýeleriniň ýüzünde her ýan tarapdan palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.
[38] Derweze girelgesindäki sütünleriň gapdalynda gapysy açyk bir otag bardy; ýakma gurbanlyklaryny şol ýerde ýuwýardylar.
[39] Üstünde ýakma gurbanlygyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny soýar ýaly eýwanyň her tarapynda iki hantagta durdy.
[40] Eýwanyň daşynda, demirgazykdaky derweze girelgesiniň her ikiýan gapdalynda iki hantagta durdy.
[41] Derwezäniň her ikiýan gapdalynda dört hantagta bolup, üstünde gurbanlyk malyny soýar ýaly jemi sekiz hantagta bardy.
[42] Ýakma gurbanlygy üçin ýonulan daşdan uzynlygy we ini bir ýarym tirsek, beýikligi bolsa bir tirsek bolan dört hantagta durdy; olaryň üstünde bolsa ýakma gurbanlygyny we beýleki gurbanlyklary soýmak üçin enjamlar bardy.
[43] Otagyň içinde töwerekleýin hersiniň uzynlygy dört barmak bolan ildirgiçler kakylgydy; hantagtalaryň üstünde bolsa gurbanlyk eti bardy.
[44] Içki derwezäniň daşynda, içki howluda iki otag bardy; bularyň biri demirgazyk derwezesiniň gapdalyndady we ýüzi günorta tarap bakýardy, beýlekisi günorta derwezesiniň gapdalynda bolup, ýüzi demirgazyk tarapa bakýardy.
[45] Ol adam maňa şeýle diýdi: «Ýüzi günorta tarap bakýan bu otag Hudaýyň öýüni goraýan ruhanylar üçindir.
[46] Ýüzi demirgazyga tarap bakýan otag bolsa, gurbanlyk sypasyny goraýan ruhanylar üçindir. Bular lewi tiresinden bolup, Rebbe hyzmat etmek üçin, Oňa ýakynlaşan Sadogyň ogullarydylar».
[47] Soňra ol howlyny ölçedi; onuň uzynlygy-da, ini-de ýüz tirsek bolup, inedördüldi. Gurbanlyk sypasy bolsa Hudaýyň öýüniň öňündedi.
[48] Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň eýwanyna getirip, onuň girelgesiniň gapdal diwarlaryny ölçedi, olaryň uzynlygy bäş tirsekdi; girelgäniň ini on dört tirsek, gapdal diwarlarynyň ini bolsa üç tirsekdi.
[49] Eýwanyň uzynlygy ýigrimi tirsek, ini on iki tirsekdi; oňa çykar ýaly on basgançak bardy. Girelgäniň ikiýan gapdalynda sütünler bardy.