[1] Sen Ysraýyl ýolbaşçylary üçin şu agyny aýt:
[2] «Seniň eneň kimdi? Arslanlar arasynda ene arslandy! Ýaş arslanlar arasynda ýatardy, çagalaryny kemala getirerdi.
[3] Çagalaryndan birisi şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýdi.
[4] Milletler ol barada eşitdiler. Ony duzagyna düşürdiler, çeňňege ildirip, Müsüre getirdiler.
[5] Enesi garaşyp, umydyny üzensoň, çagalaryndan başga birini alyp, ony şir arslan edip ýetişdirdi.
[6] Ol arslanlar arasynda gezdi, şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýmäge başlady.
[7] Olaryň galalaryny ýykdy, şäherlerini weýran etdi. Ýurt we onuň içindäkiler arryldysyndan ýaňa çolardy.
[8] Töweregindäki milletler oňa hüjüm etdiler; torlaryny ýazyp, ony duzaga düşürdiler.
[9] Çeňňege ildirip, kapasa saldylar, Babyl şasynyň huzuryna getirdiler. Ysraýyl daglarynyň üstünde gaýdyp sesi eşidilmesin diýip, ony zyndana taşladylar.
[10] Eneň bagdaky üzüm agajy kimin suwlaryň boýunda ekilipdi, ol bol suwlardan ýaňa hasylly we gür şahalydy.
[11] Hökümdara hasa bolar ýaly güýçli şahalary bardy, boýy belent bulutlara ýetdi; belentligi we bol şahalary bilen göze ilip durardy.
[12] Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.
[13] Ol indi çölde, gurak we suwsuz ýurtda ekildi.
[14] Onuň şahalarynyň bir çybygyndan ot çykyp, şahasyny hem miwesini ýandyrdy, hökümdarlyk hasasy üçin berk şaha galmady». Bu agydyr we agylygyna-da galar.