[1] Sürgünde bolýan wagtymyzyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[2] «Eý, ynsan ogly! Özüňe şu günüň, hut şu günüň senesini ýazyp goý. Babyl patyşasy hut şu gün Iýerusalimi gabamaga başlady.
[3] Pitneçi halka bir tymsal aýdyp, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gazan atar, gazan atar-da, içine suw guý.
[4] Et böleklerini, ýagny but we döşüň oňat böleklerini onuň içine at. Ony saýlama omaçalardan doldur.
[5] Süriniň iň saýlamasyndan al. Gazanyň aşagyndaky odunlary üýşür, gazany mazaly gaýnat, içindäki omaçalar bişsin“».
[6] Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Kesmek tutan, kesmeginden arassalanmadyk bu gazanyň halyna waý! Saýlamazdan eti gazandan bölek-bölek edip çykaryp zyňyň.
[7] Şäheriň gany onuň ortasyndadyr; ol ony ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdi; ony gum bilen örter ýaly ýere dökmedi.
[8] Men hem gazabymy tutaşdyryp, öç alar ýaly onuň ganyny ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdüm, onuň üsti örtülmez».
[9] Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Men-de odun üýşmegini has belent ederin.
[10] Odunlary üýşür, ody tutaşdyr, eti gowuja bişir, çorbany gaýnat, goý, omaçalar-da ýanyp köýsün!
[11] Onsoň boş gazany onuň közleriniň üstünde goý. Şeýdip, ol gyzar, misi ýanar, pisligi içinde eräp, kesmegi aýrylar.
[12] Onuň bar zähmeti biderek boldy, galyň kesmegi ondan aýrylmaýar; kesmegiň aýrylmagyna hatda ot hem ýardam etmez.
[13] Haýasyzlygyň seni haram etdi. Men seni tämizlejek boldum, emma sen tämizlenmek islemediň. Saňa garşy tutaşan gazabym ýatyşýança, sen haramlygyňdan tämizlenmersiň.
[14] Muny Men-Reb aýtdym, bu berjaý bolar, Men ony ederin. Jezaňy geçmerin, gaýgyrmaryn we haýpym gelmez. Öz tutan ýollaryňa we işleriňe laýyklykda saňa höküm çykarylar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
[15] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[16] «Eý, ynsan ogly! Ine, Men gözleriňe iň gymmatly bolan kişini bir zarbada senden alaryn, ýöne sen zeýrenme, aglama, gözýaş dökme.
[17] Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme».
[18] Şeýlelikde, men daňdan halka bu sözleri aýtdym; agşam bolsa aýalym öldi. Ertesi daňdan men ähli zady özüme buýrulyşy ýaly berjaý etdim.
[19] Halk maňa: «Seniň edýän bu zatlaryňyň bize näme dahyly bar? Muny bize aýtjak dälmi?» diýdi.
[20] Onsoň men olara özüme Rebbiň sözüniň gelendigini aýtdym:
[21] «Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.
[22] „Siz-de meniň edişim ýaly edersiňiz; sakgalyňyzy örtmersiňiz we ýas çöregini iýmersiňiz.
[23] Selläňiz başyňyzda, çarygyňyz aýagyňyzda bolar. Ýas tutmarsyňyz, aglamarsyňyz, emma etmişleriňiz zerarly gurap ýok bolarsyňyz, biri-biriňiz üçin ah çekersiňiz“.
[24] „Ezekiýel siziň üçin bir alamat bolar, ol näme eden bolsa, sizem şony edersiňiz. Bu hadysalar ýüze çykanda, siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz“».
[25] -
[26] «Eý, ynsan ogly! Men olaryň güýjüni, gözellik şatlygyny, göz guwanjyny, janlarynyň perwaz urýan zadyny, ogul-gyzlaryny olardan alan günüm bu beladan gaçyp gutulan biri gelip, muny saňa habar berer.
[27] Şol gün beladan gaçyp gutulan adam bilen gepleşmek üçin saňa täzeden dil biter, sen geplärsiň, gaýdyp diliň tutulmaz. Sen olar üçin bir alamat bolarsyň, onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».