Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:30

[1] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Eý, ynsan ogly, Sur galasy hakda agy aýt.

[3] Deňiz girelgelerinde mesgen tutan we her bir kenarýakasyndaky halklar bilen söwda eden Sur galasyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Sur, sen ‘Gözellik kämilligi mendirin!’ diýdiň.

[4] Seniň hökümdarlygyň beýik deňizlerdedir; seni bina edenler gözelligiňi aňrybaş derejesine ýetirdiler.

[5] Sen Senir dagynyň serwilerinden ýasalan uly gämi ýalydyň; saňa bogaldak etmek üçin Liwandan kedr agajyny getirdiler.

[6] Kürekleriňi Başan dublaryndan etdiler; tagtalaryňy Kipr adasynyň serwi agajyndan ýasap, piliň dişi bilen bezediler.

[7] Müsürden getirilen keşdeli nepis zygyr matalar seniň ýelkeniňdi, olar saňa baýdak bolup hyzmat ederdi. Elişa kenarynyň mawy we gyrmyzy matasy seniň ýapynjaňdy.

[8] Sidon we Arwat ilaty seniň kürekçileriňdi. Eý, Sur, sende akyldarlar bardy, olar seniň gämiçileriňdi.

[9] Gebalyň garrylary we akyldarlary sende bolup, jaýryklaryňy suwaýardylar. Harytlaryňy alyş-çalyş etmek üçin ähli gämiler deňizçileri bilen sendediler.

[10] Pars, Lut we Put seniň urşujylaryňdy; olar galkanlary bilen demir tuwulgalaryny diwaryňdan asardylar; olar saňa şöhrat getirerdiler.

[11] Arwatlylar we heýlekliler töwerek-daşyňdaky diwarlaryňyň, gammatlylar bolsa diňleriňiň üstündediler. Olar galkanlaryny diwarlaryňyň töwerek-daşyndan asyp, gözelligiňi aňrybaşa ýetirerdiler.

[12] Baýlygyňyň köpdügi üçin Tarşyş seniň bilen söwda etdi; harytlaryňyň deregine kümüş, demir, galaýy we gurşun bererdi.

[13] Ýawan, Tubal we Meşek seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine gullar we bürünç gaplar bererdiler.

[14] Togarma halky seniň harytlaryňyň deregine ýabylary, uruş atlaryny we gatyrlary bererdi.

[15] Dedanlylar seniň söwdagäriňdiler; köp kenarlaryň söwda gatnaşygy seniň eliňdedi; olar senden alan harytlarynyň deregine piliň dişi we eben agajy bilen hasaplaşardylar.

[16] Söwdaňyň köpdügi üçin Siriýa seniň bilen söwda etdi; olar seniň harytlaryňyň deregine zümerret, gyrmyzy we keşdeli matalar, nepis zygyr mata, merjen we ýakut bererdiler.

[17] Ýahuda bilen Ysraýyl ýurdy seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine Minnit bugdaýyny, un, bal, ýag we melhem bererdiler.

[18] Söwdaňyň we baýlygyňyň köpdügi üçin Damask hem seniň bilen söwda etdi; ol Helbon şerabyny we ak ýüň getirerdi.

[19] Uzal ýurdundan gelen Dan we Ýawan harytlaryňyň deregine ýüplük bererdiler; alyş-çalyş harytlaryňyň arasynda bolsa işlenen demir, dalçyn we hoşboý ysly gamyş bardy.

[20] Dedan at münmäge gerekli bolan eýerlik atkeçeleri bilen söwda ederdi.

[21] Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler.

[22] Şebanyň we Ragamanyň täjirleri seniň söwdagäriňdiler; olar harytlaryňyň deregine ähli atyrlaryň seresini, her hili gymmatbaha daşlar we altyn bererdiler.

[23] Haran, Kanne, Eden, Şeba täjirleri, Aşur we Kilmat seniň söwdagäriňdiler.

[24] Olar seniň bazaryňdaky harytlaryňy saýlama zatlar bilen, mawy we reňbe-‑reň keşdeli matalar we ýüp bilen berk daňlan reňkli halylar bilen alyş-çalyş ederdiler.

[25] Seniň harytlaryňyň kerweni Tarşyşyň gämileridi; sen dolup-daşyp, deňizler ummanynda agyr ýük bilen ýüklenerdiň.

[26] Kürekçileriň seni açyk deňizlere alyp çykarlar, emma gündogar şemaly deňizler ummanynda seni kül-peýekun eder.

[27] Ýykylan günüň seniň baýlygyň, harytlaryň, mallaryň, deňizçileriň, gämiçileriň, jaýryklaryňy suwaýanlar, harytlaryňy alyş-çalyş edýänler, sendäki ähli urşujylar we içiňdäki ähli jemagat deňizler ummanyna gark bolarlar.

[28] Gämiçileriň ahy-nalasyndan öri meýdanlar lerzana geler.

[29] Ähli kürekçiler, deňizçiler we ähli deňiz gämiçileri gämilerinden düşüp, gury ýerde durarlar.

[30] Seslerini gataldyp, seniň üçin perýat ederler, başlaryndan gum sowrarlar, küle togalanarlar.

[31] Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler.

[32] Seniň üçin agy aýdyp, ýas tutarlar, ahy-nala çekip, şeýle diýerler: ‘Deňiz ortasynda Sur ýaly dym-dyrs bolan gala barmy?

[33] Harytlaryň deňizden çykanda, sen köp halklary doýurdyň, baýlygyň we harytlaryň köplügi bilen patyşalary baýatdyň.

[34] Ine, deňizde, suwlaryň düýbünde kül-peýekun bolanyňda, içiňdäki harytlaryň we ähli jemagatyň özüň bilen bile gark boldy’.

[35] Kenarlardaky ähli ilatlar saňa aňkaryşdylar; patyşalary gaty gorkdular, ýüzleriniň reňki öçdi.

[36] Halklar arasyndaky täjirler saňa sykylyk atdylar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».

Ezekiýel — Chapters