Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:34

[1] Ruh meni ýokary galdyryp, Rebbiň öýüniň gündogar tarapdaky derwezesine getirdi. Derwezäniň girelgesinde ýigrimi bäş adam bardy. Men olaryň arasynda halkyň ýolbaşçylaryndan Azuryň ogly Ýazanýa bilen Benaýanyň ogly Pelatýany gördüm.

[2] Reb maňa: «Eý, ynsan ogly! Päliýamanlar, şäherde erbet öwütler berýänler şu adamlardyr.

[3] Bular: „Öýleri gurmagyň wagty basym gelmezmi? Bu şäher bir gazandyr, biz bolsa onuň içinde abat saklanýan etdiris“ diýýärler.

[4] Munuň üçin sen olaryň garşysyna pygamberlik et. Hawa, pygamberlik et, eý, ynsan ogly!» diýdi.

[5] Onsoň Rebbiň Ruhy üstüme inip, maňa şulary aýtmagymy buýurdy: «Reb şeýle diýýär: „Eý, ysraýyl halky, Men siziň agzyňyzdan çykýan her bir sözi, kelläňizdäki pikiri bilýärin.

[6] Bu şäherde siz köp adamy öldürdiňiz, onuň köçelerini gylyçdan geçirilenlerden doldurdyňyz“».

[7] Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siziň gylyçdan geçirip taşlanlaryňyz et, bu şäher bolsa gazandyr, emma siz onuň içinden çykarylarsyňyz.

[8] Siz gylyçdan gorkýarsyňyz, emma Men üstüňizden gylyjy salaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.

[9] Sizi onuň içinden çykaryp, gelmişekleriň eline bererin, garşyňyza hökümler çykararyn.

[10] Siz gylyçdan heläk bolarsyňyz, size Ysraýyl serhedinde höküm ederin, onsoň Meniň Rebdigimi bilersiňiz.

[11] Bu şäher siziň üçin gazan bolmaz, sizem onda et bolmarsyňyz. Men Ysraýyl serhedinde size höküm çykararyn.

[12] Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Siz Meniň parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, gaýtam töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä hereket etdiňiz».

[13] Onsoň şeýle boldy: men pygamberlik edip ýörkäm, Benaýanyň ogly Pelatýa öldi. Men ýüzin ýykyldym, gaty ses bilen: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Sen Ysraýylyň aman galan adamlarynyň hem soňuna çykaýjakmy?» diýip perýat etdim.

[14] Onsoň maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[15] «Eý, ynsan ogly! Iýerusalimiň ilaty seniň sürgündäki doganlaryň, hossarlaryň we bütin ysraýyl halky hakynda: „Olar Rebden daşlaşdylar, bu ýurt mülk hökmünde bize berildi“ diýdiler.

[16] Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olary uzakdaky milletleriň arasyna iberdim, ýurtlara dargatdym. Şonda-da giden ýurtlarynda gysga möhlet üçin olara mukaddes öý bolan Mendirin“».

[17] Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin.

[18] Ýurda dolanyp, ähli ýigrenji we nejis zatlaryny ol ýerden aýryp zyňarlar.

[19] Olaryň ýüregini bir ederin, täze ruh bererin. Içlerindäki daş ýüregi aýryp, olara etden bolan ýürek bererin.

[20] Şonda olar parzlarymy berjaý edip, hökümlerimi saklap, olary doly berjaý ederler. Şeýle hem olar-a Meniň halkym, Menem olaryň Hudaýy bolaryn.

[21] Emma ýürekleri ýigrenji we nejis zatlaryň yzyna eýeren adamlary jezalandyraryn, olaryň eden işlerini öz başlaryndan indererin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

[22] Onsoň keruplar ganatlaryny galdyrdylar, tigirler-de olaryň gapdalyndady. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň üstündedi.

[23] Rebbiň şöhraty şäherden çykyp, şäheriň gündogaryndaky dagyň üstünde durdy.

[24] Görnüşde Hudaýyň Ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy.

[25] Men Rebbiň özüme görkezen ähli zatlaryny sürgün edilenlere gürrüň berdim.

Ezekiýel — Chapters