[1] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[2] «Eý, ynsan ogly! Üzüm agajyndan, ýagny jeňňel agaçlarynyň arasyndaky üzüm şahasyndan näme edilýär? Tokaýyň ähli agaçlary bilen deňeşdireniňde, onuň peýdasy ýokdur.
[3] Iş üçin ondan agaç alynýarmy? Ýa üstünden bir zat asmak üçin asgyç ýasalýarmy?
[4] Ol odun hökmünde ýakylýar. Ot onuň iki ujuny ýakyp, ortasyny garaldansoň, ol derde ýararmy?
[5] Abatka derde ýaramadyk zat, oda ýanyp garalansoň derde ýararmy?»
[6] Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men tokaý agaçlarynyň arasyndan üzüm agajyny odun hökmünde nädip ýakan bolsam, Iýerusalimiň ilatyny-da şeýdip oda ýakaryn.
[7] Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Olara garşy çykanymda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
[8] Onsoň olaryň Maňa dönüklik edendigi üçin ýurdy haraba öwrerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.