Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:54

[1] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Eý, ynsan ogly! Bir eneden doglan iki gyz bardy.

[3] Olar ýaşkalar Müsürde loly bolup, zyna etdiler. Ol ýerde olaryň mämeleri ellendi we gyz göwüsleri gysymlandy.

[4] Ulusynyň ady Ohola, kiçisiniňki bolsa Oholybady. Olar Meniňki boldular, ogullar we gyzlar dogurdylar. Atlaryna görä Ohola Samariýadyr, Oholyba Iýerusalimdir.

[5] Ohola Meniňkikä zyna edip, oýnaşlary bolan aşur ýolbaşçylaryna göwün berdi.

[6] Bular mawy eşik geýnen häkimler bilen emeldarlardy, ählisi görmegeý ýaş ýigitler we atly esgerlerdi.

[7] Ohola Aşuryň görnükli adamlaryna özüni zynagärlige berdi. Ol kimlere göwün beren bolsa, şolaryň butlary bilen özüni haram etdi.

[8] Müsürliler bilen hem zynagärligini goýmady. Ol ýaşka müsürliler onuň bilen ýatdylar, gyz göwüslerini gysymladylar we zynalaryny onuň üstüne dökdüler.

[9] Şonuň üçin Men ony göwün beren oýnaşlarynyň eline, ýagny aşurlaryň eline berdim.

[10] Olar onuň ýalaňaçlygyny paş etdiler, ogullaryny we gyzlaryny aldylar, özüni bolsa gylyç bilen öldürdiler. Oňa hökümler çykaryldy we ol aýallaryň arasynda masgara boldy.

[11] Aýal dogany Oholyba muny görse-de, göwün bermekde ondan hem azgyndy, zynagärligi uýasynyňkydan-da çökderdi.

[12] Ol bezemen geýnüwli aşur ýolbaşçylaryna häkimlere, emeldarlara, at münýänlere, görmegeý ýaş ýigitleriň baryna göwün berdi.

[13] Men onuň haram bolandygyny gördüm; ikisiniň hem ýoly birdi.

[14] Emma Oholyba zynagärligini artdyrdy, ol gyzyl reňkler bilen diwaryň ýüzüne çekilen babylly erkekleriniň şekilini gördi.

[15] Şeýle hem billeri guşakly, başlary uly selleli, ählisi serkerde sypatly, asly babylly bolanlaryň suratyny gördi.

[16] Oholyba olary gören badyna göwün berip, babyllylaryň ýurduna çaparlar ýollady.

[17] Babyllylar onuň ýanyna, söýgi düşegine geçdiler, zynagärlikleri bilen ony haram etdiler. Babyllylar bilen özüni haram edenden soň, olary kalby bilen ýigrendi.

[18] Oholyba zynagärligini we ýalaňaçlygyny açyk paş edende, onuň uýasyny ýigrenişim ýaly, kalbym ony-da ýigrendi.

[19] Oholyba Müsür ýurdunda zynagärlik eden ýaşlyk günlerini ýatlamak üçin zynagärligini has artdyrdy.

[20] Göwreleri eşegiň göwresi kimin we billeri atyň bili kimin bolan oýnaşlaryna göwün berdi.

[21] Şeýlelikde, müsürliler seniň mämeleriňi elläp, gyz göwüsleriňi gysymlan döwründäki ýaly ýaşlyk haýasyzlygyňy etdiň».

[22] Şonuň üçin, eý, Oholyba, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seniň ýigrenen oýnaşlaryňy özüňe garşy küşgürerin, olary her ýandan saňa garşy aýaga galdyraryn.

[23] Babyllylary, ähli kesetleri, pekotlary, şowalary, kowalary we olar bilen birlikde tutuş aşurlary görmegeý ýaş ýigitleri, häkimleriň we emeldarlaryň baryny, serkerdeleri we ýolbaşçylary, at münýänleri saňa garşy goýaryn.

[24] Olar ýaraglar, söweş arabalary, at-arabalar we bir topar halklar bilen saňa garşy çykyp, uly-kiçi galkanlary, demir tuwulgalary bilen daş-töwerekden daşyňy alarlar. Men olara höküm etmek ygtyýaryny bererin, olar öz däp-dessurlary boýunça saňa hökümler çykararlar.

[25] Saňa garşy gabanjaňlygym oýanar. Olar saňa gazaplanyp ýowuz daraşarlar, burnuňy we gulaklaryňy kesip taşlarlar, aman galanlaryňyz gylyçdan heläk bolarlar. Ogullaryňy we gyzlaryňy alarlar, aman galanlaryňyzy ot ýakyp ýok eder.

[26] Olar seniň geýimiňi sypyrarlar, owadan şaý-sepleriňi alarlar.

[27] Men seniň Müsürden getiren haýasyzlygyň we zynagärligiň soňuna çykaryn. Sen olara indi gabagyňy galdyrmarsyň, Müsüri gaýdyp ýatlamarsyň».

[28] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seni öz ýigrenen adamlaryňyň, kalbyňyň ýigrenenleriniň eline bererin.

[29] -

[30] Olaryň saňa garşy özlerini alyp baryşlary ýigrençli bolar, seniň ähli zähmetiňiň hasylyny alyp, seni ýalaňaç hem alaň-açyk goýarlar. Sen milletler bilen zyna etdiň, olaryň butlary bilen haram bolduň. Şeýlelikde, zynagärligiň ýalaňaçlygy paş bolar. Bu zatlaryň ählisi haýasyzlygyň we azgynlygyň sebäpli başyňdan iner.

[31] Sen uýaňyň ýolundan ýörediň, Men onuň käsesini seniň eliňe bererin».

[32] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen uýaňyň çuň we giň käsesinden içersiň, bu käsäniň pürepürdigi sebäpli, seniň üstüňden gülnüp masgara bolarsyň.

[33] Serhoşlykdan we gaýgydan dolarsyň, ol seniň uýaň Samariýanyň käsesidir, ol elhençlik hem weýrançylyk käsesidir.

[34] Ony içip tükedersiň, böleklerini ýenjip, göwsüňi parçalarsyň, Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär».

[35] Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek».

[36] Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Sen Ohola we Oholybanyň üstünden höküm çykar! Olara nejis işlerini bildir.

[37] Olar zyna etdiler, elleri gan dökdi; butlary bilen zyna etdiler. Maňa dogran çagalaryny-da iýmit hökmünde olaryň butlaryna hödürlediler.

[38] Maňa-da şu işi etdiler: şol gün Meniň mukaddes öýümi harama çykardylar, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar.

[39] Butlary üçin çagalarynyň damagyny çalanlaryndan soň, hut şol gün mukaddes öýümi harlamak üçin ol ýere girdiler, ine, Meniň öýümiň içinde şeýle etdiler.

[40] Hatda, siz, iki uýa! Uzaklardan adamlar geler ýaly çaparlar ýolladyňyz, olar geldiler. Olar üçin siz ýuwundyňyz, gözleriňize sürme çekdiňiz, şaý-sepler bilen bezenip,

[41] şanly düşekde oturdyňyz, düşegiň öňünde bolsa taýyn saçak bardy. Meniň ýakymly ysly tütetgim bilen ýagymy onuň üstünde goýduňyz.

[42] Aladasyz märekäniň şowhunly sesi ýaňlanýardy; köpçülik adamlar bilen birlikde çölden serhoşlar hem getirildi. Olar bu iki uýanyň bileklerine bilezikler dakdylar, başlaryna gözel täçleri geýdirdiler.

[43] Onsoň men: „Wah, bu bir zyna edip, sandan çykan aýal-a, emma olar onuň bilen jyns gatnaşyklaryny etmeklerini dowam etdirýärler“ diýdim.

[44] Olar bir lolynyň ýanyna girilişi ýaly, onuň bilen ýatdylar. Şeýdip, haýasyz aýallar bolan Oholanyň we Oholybanyň ýanyna girdiler.

[45] Emma dogruçyl adamlar olara zynahor we ganhor aýallaryňky ýaly höküm çykararlar, sebäbi olar zynahordurlar we ellerini gana buladylar».

[46] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olaryň garşysyna jemagaty örüz, olary howp astyna we talaňa sal.

[47] Jemagat olary daşlar, gylyçlary bilen kerçär, ogul-gyzlaryny öldürip, öýlerini ýakar.

[48] Şeýdip, Men ýurtdaky haýasyzlygyň soňuna çykaryn, ähli aýallar mundan sapak alyp, siziňki ýaly haýasyzlyk etmezler.

[49] Olar haýasyzlygyňyzy öz üstüňize ýüklärler. Siz butlaryňyzyň günäsiniň jezasyny çekersiňiz. Şonda siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz».

Ezekiýel — Chapters