Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:41

[1] Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň birinji aýynyň birine maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Eý, ynsan ogly! Sur galasy Iýerusalim hakda: „Baý-baý-ow, halklaryň gapysy bolan şäher ýykyldy, derwezeleri meniň üçin açyldy. Ol weýran boldy, indi men baýlykdan dolaryn“ diýdi».

[3] Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Sur! Men saňa garşydyryn. Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn.

[4] Olar Suruň diwarlaryny weýran ederler, onuň diňlerini ýykarlar. Men onuň topragyny syryp-süpürip, ýalaňaç gaýa öwrerin.

[5] Ol deňiz ortasynda tor ýazylýan ýer bolar. Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär. Sur galasy milletlere olja bolar.

[6] Olar Sur galasyna garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».

[7] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin.

[8] Eý, Sur galasy, olar saňa garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler, garşyňa berkitmeler salyp, diwaryňa çykmak üçin ýapgytlar gurarlar we galkanlaryny seniň garşyňa goýarlar.

[9] Pürsler bilen diwarlaryňy oýarlar, demir gurallary bilen diňleriňi ýykarlar.

[10] Atlarynyň köplüginden ýaňa seni tozan gapar; diwarlary ýumrulan bir gala girilişi ýaly, seniň derwezeleriňden girende atlylaryň, tigirleriň we söweş arabalarynyň sesinden ýaňa diwarlaryň sarsar.

[11] Ähli köçeleriňi atlarynyň toýnagy bilen basalarlar; halkyňy gylyç bilen öldürerler, ullakan sütünleriňi ýer bilen ýegsan ederler.

[12] Baýlygyňy talap, mal-mülküňi basyp alarlar, diwarlaryňy ýykyp, gözel jaýlaryňy weýran ederler. Daşlaryňy, agaçlaryňy we topragyňy deňze taşlarlar.

[13] Men seniň aýdymlaryňyň sesini keserin, liralaryňyň sesi gaýdyp eşidilmez.

[14] Seni ýalaňaç gaýa öwrerin, tor ýazylýan ýer bolarsyň. Indi sen hiç haçan täzeden bejerilmersiň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men-Reb aýtdym“ diýýär».

[15] Hökmürowan Reb Sur galasyna şeýle diýýär: «Ýykylyşyňyň gürpüldisinden, ýaralylaryň iňňildisinden, başyňdan inen elhenç mergiden kenarlardaky halklar titreşmezmi?

[16] Şonda deňiz boýundaky ähli hökümdarlar tagtlaryndan düşüp, donlaryny çykararlar, keşdeli eşiklerini sypyrarlar. Gorky lybasyna girip, ýerde oturarlar we dynuwsyz sandyraşyp, saňa aňk-taňk bolarlar.

[17] Soňra olar sen hakda agy aýdarlar: „Eý, deňizçileriň ýaşaýan şäheri, deňizde iň güýçli meşhur şäher! Wah, sen we sende ýaşaýanlaryň barysy nähili heläk boldy! Sen deňziň ýakasynda ýaşaýanlara howp saldyň!“

[18] Seniň ýykylan günüň kenarlardaky halklar titreşerler, deňiz kenaryndakylar seniň heläk bolşuňa howsala düşerler».

[19] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Seni ilatsyz galan şäherler ýaly harabaçylyga öwrenimden soň, çuňlugy üstüňe getirip, köp suwlar bilen büränimden soň,

[20] seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde gadymy halkyň ýanyna indererin. Ilatsyz bolar ýaly, seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýinde, gadymdan bäri harabaçylyga öwrülen ýerlerde ornaşdyraryn; sen gaýdyp ilatly bolmarsyň ýa-da dirileriň ýaşaýan ýurduny eýelemersiň.

[21] Men seni elhenç howpa duçar ederin, sen ýok bolarsyň. Seni gözlärler, emma hiç haçan tapmazlar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

Ezekiýel — Chapters