Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:31

[1] Sen, eý, ynsan ogly, Ysraýyl daglary hakda pygamberlik edip, şeýle diý: «Eý, Ysraýyl daglary, Rebbiň sözüni eşidiň.

[2] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Duşman siz hakda: ‘Heýjanelek! Indi gadymy belentlikler-de biziň mülkümiz boldy!’ diýýär“».

[3] Şonuň üçin pygamberlik et-de, şeýle diý: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Sizi harabaçylyga öwrüp, her tarapdan weýran etdiler. Şeýdip, siz milletleriň galyndysyna mülk bolduňyz, agza-dile düşüp, ile gürrüň bolduňyz“».

[4] Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň. Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere, daş-töwerekdäki başga milletlere talaň we gülki bolan harabalyklara, terk edilen galalara şeýle diýýändir:

[5] «Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».

[6] Şonuň üçin Ysraýyl ýurdy hakda pygamberlik et, daglara we depelere, jülgelere we derelere Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz milletleriň gyjalatyny çekendigiňiz üçin, Men gabanjaňlyk gazabymda gepledim».

[7] Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men elimi galdyryp ant içýärin, töweregiňizdäki ähli milletler-de beren gyjalatlary zerarly özleri ejir çekerler.

[8] Eý, Ysraýyl daglary, siz şahalar çykaryp, halkym Ysraýyla miwe berersiňiz, çünki olaryň öz ýurduna dolanmaly wagty golaýlady.

[9] Men siziň tarapyňyzy tutýaryn we size tarap öwrülýärin; siz bejerilip ekilersiňiz.

[10] Men siziň ilatyňyzy, tutuş ysraýyl halkyny, olaryň hemmesini köpelderin, galalar ilatly bolar, harabalar abatlanar.

[11] Men ýurduňyzdaky ynsanlaryň we haýwanlaryň sanyny köpelderin. Olar örňäp köpelerler. Ozalkyňyz ýaly ýurduňyzy adamlardan dolduraryn we size öňküden-de artyk ýagşylyk ederin; onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.

[12] Depäňizde ynsanlary halkym Ysraýyly gezdirerin; olar sizi mülk edinerler, siz olaryň mirasy bolarsyňyz. Gaýdyp olary öz çagalaryndan mahrum etmersiňiz».

[13] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olar saňa: „Sen adam iýiji, milletini öz çagalaryndan mahrum eden bir ýurt“ diýdiler.

[14] Şonuň üçin sen mundan bu ýana adam iýmersiň, gaýdyp milletiňi öz çagalaryndan mahrum etmersiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.

[15] Indi hiç haçan milletleriň gyjalatyny saňa eşitdirmerin; sen gaýdyp halklaryň kemsitmelerini çekmersiň we öz milletleriň büdremegine sebäp bolmarsyň». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

[16] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[17] «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halky öz ýurdunda mesgen tutan wagty, erbet ýol-ýörelgeleri we işleri bilen ony haram etdi; Meniň öňümde olaryň ýol-ýörelgeleri aýbaşyly aýalyň haramlygy kimindi.

[18] Şeýlelikde, ýurda gan çaýkandyklary we öz ýasan butlary bilen ony haram edendikleri üçin, Men olaryň üstüne gyzgyn gazabymy dökdüm.

[19] Men olary milletleriň arasyna dargatdym, olar keseki ýurtlara dargadyldylar; öz tutan ýollaryna we işlerine görä olara höküm çykardym.

[20] Olar milletleriň arasynda, her bir baran ýerlerinde Meniň mukaddes adyma ysnat getirdiler. Olar hakda „Bular Rebbiň halky dälmi näme? Onda näme üçin olar Onuň ýurdundan çykaryldylar?“ diýildi.

[21] Ysraýyl halkynyň gelip, milletleriň arasynda mukaddes adyma ysnat getirendiklerine haýpym geldi».

[22] Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, ysraýyl halky, Men muny siziň hatyraňyza däl-de, siziň milletleriň arasyna gidip, ysnat getiren Öz mukaddes adymyň hatyrasyna edýärin.

[23] Milletleriň arasynda ysnat getirilen, olaryň arasynda siziň ysnat getiren beýik adymyň mukaddesdigini görkezerin. Men olara siziň üstüňiz bilen mukaddesligimi görkezenimde, milletler Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.

[24] Men sizi milletleriň arasyndan yzyňyza alaryn, ähli ýurtlardan ýygnap, öz ýurduňyza getirerin.

[25] Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.

[26] Size täze ýürek bererin, içiňize täze ruh salaryn. Daşdan bolan ýüregi göwräňizden çykaryp, size etden bolan ýürek bererin.

[27] Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz.

[28] Ata-babalaryňyza beren ýurdumda mesgen tutarsyňyz. Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn.

[29] Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin.

[30] Gaýdyp siz milletleriň arasynda açlyk ryswalygyny çekmeziňiz ýaly, agajyň miwesini we meýdanyň hasylyny köpelderin.

[31] Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.

[32] Men muny siziň hatyraňyza etmeýärin – Hökmürowan Reb diýýär – muny bilip goýuň. Eý, ysraýyl halky, tutan ýollaryňyzdan utanyň, ýüzüňiz gyzarsyn!»

[33] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sizi ähli etmişleriňizden tämizlän günüm galalary ilatly ederin, weýran bolup ýatan harabalary abatlaryn.

[34] Ötegçileriň gözleriniň alnynda haraba bolup ýatan çola ýurt bejeriler.

[35] Şonda olar şeýle diýerler: „Beý-bä! Ozal çolaryp galan ýurt Erem bagy ýaly bolupdyr-ow! Haraba bolup, weýran edilen gala dikeldilip, ilatly ýere öwrülipdir!“ diýerler.

[36] Onsoň töweregiňizde galan milletler ýykylany dikeldýäniň, çola ýerleri ekinzarlyga öwürýäniň Men-Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýtdym we hökman ýerine ýetirerin».

[37] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.

[38] Baýramçylyklarda Iýerusalim gurbanlyk sürüsi bilen näçe doly bolsa, weýran edilen galalar-da adamlardan şonça doly bolar. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».

Ezekiýel — Chapters