Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:46

[1] Onsoň ol adam meni demirgazyk tarapdan daşky howla çykardy. Hudaýyň öýüniň meýdançasynyň we ymaratyň gapdalyndaky demirgazyk otaglara getirdi.

[2] Gapysy demirgazyga bakýan bu ymaratyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsekdi.

[3] Içki howlynyň ini ýigrimi tirseklik boş aralygynyň we daşky howlynyň daş ýolunyň arasynda üç gatly biri-birinden beýgelýän eýwanlar bardy.

[4] Bu iki hatar otaglaryň arasynda gezer ýaly ini on tirsek, uzynlygy ýüz tirsek bolan däliz bardy; onuň gapylary demirgazyga bakýardy.

[5] Ýokarky otaglar dardy, sebäbi jaýyň aşaky we ortaky otaglaryna garanda, eýwanlar olardan köpräk ýer tutýardy.

[6] Olar üç gatdan ybaratdy, howlynyň sütünleri ýaly sütünleri ýokdy; şonuň üçin ýokarky eýwan aşaky we ortaky eýwandan darrak edilipdi.

[7] Otaglaryň öňünde otaglara we daşky howla tarap uzalýan diwar bardy, onuň uzynlygy elli tirsekdi.

[8] Daşky howludaky otaglaryň uzynlygy elli tirsekdi; ybadathananyň garşysyndaky gapdal otaglaryň uzynlygy bolsa ýüz tirsekdi.

[9] Bu otaglara daşky howludan girjek bolsaň, gündogar tarapdaky aşaky geçelgeden bir girelge bardy.

[10] Içki howlynyň gündogar tarapynda meýdança we ymarata bakýan başga otaglar hem bardy.

[11] Demirgazyk tarapdaky otaglarda bolşy ýaly, bu otaglaryň hem deňinde bir geçelge bardy. Otaglaryň uzynlygy we ini birmeňzeşdi; olaryň ähli çykalgalary, gurluşy we gapylary edil şolar ýalydy.

[12] Şeýdip, günbatardaky otaglara edil demirgazykdaky ýaly diwaryň ýanyndaky gündogar tarapdan uzalýan aşaky geçelgeden girilýärdi.

[13] Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.

[14] Ruhanylar mukaddes ýere girenlerinde, hyzmat edýän wagty geýýän geýimlerini bu otaglarda çykaryp goýmazdan daşky howla çykmasynlar, sebäbi bu geýimler mukaddesdir. Halkyň ýanyna çykmazdan öň, olar başga geýimler geýmelidirler».

[15] Ol adam mukaddes ýeri ölçäp bolanyndan soň, meni gündogara tarap bakýan derwezeden çykaryp, diwaryň töwereginiň uzynlygyny ölçedi.

[16] Ölçeg taýagy bilen mukaddes ýeriň gündogar tarapyny ölçedi: bu ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.

[17] Onuň demirgazyk tarapyny ölçedi, ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsekdi.

[18] Onuň günorta tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.

[19] Onuň günbatar tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.

[20] Ony dört tarapyndan hem ölçedi. Mukaddes zady ýönekeý zatdan aýyrmak üçin onuň daş-töwereginde bir diwar bardy. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş ýüz tirsege deňdi.

Ezekiýel — Chapters