[1] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[2] «Eý, ynsan ogly! Muny pygamberlik et-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz ‘Ol gün üçin waý!’ diýip perýat ediň.
[3] Çünki ol gün ýakyndyr, Rebbiň güni golaýdyr. Ol gün apy-tupan güni, milletleriň jebir çekjek döwrüdir.
[4] Müsüriň üstünden gylyç iner, müsürliler gylyçdan heläk bolanlarynda, Efiopiýa ilatyna gorky aralaşar. Müsüriň baýlygy äkidiler, binalary kül-peýekun ediler.
[5] Müsür bilen birlikde Efiopiýa, Put, Lut we beýleki halklardan gelen goşunlaryň bary, Kub we ylalaşyk baglaşan ýurdunyň ilaty gylyçdan geçiriler“».
[6] Reb şeýle diýýär: «Müsüre arka duranlar heläk bolarlar, onuň kuwwatynyň buýsanjy öçer. Migdoldan Sewene çenli olaryň bary bilelikde gylyçdan geçiriler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
[7] Olar haraba öwrülen ýurtlardan hem beter haraba öwrüler, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolar.
[8] Müsüre ot berip, ony goldaýanlaryň baryny ýok edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.
[9] Ol gün gaýgy-gamsyz ýaşaýan efioplary gorkuzmak üçin gämiler bilen habarçylar ýollaryn. Müsüriň jebir-jepaly döwründäki ýaly, olara hem howp aralaşar, ine, ol gün ýetip gelýär».
[10] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eli bilen Müsüriň beýik goşunynyň soňuna çykaryn.
[11] Milletleriň iň gorkunjy bolan bu Müsür ýurduny weýran etmek üçin Nebukadnesar goşuny bilen birlikde geler. Olar Müsürde gylyçlaryny ýalaňaçlap, ýurdy jesetden doldurarlar.
[12] Men derýalary guradaryn, ýurdy ýaramaz adamlara sataryn; ýurdy we onuň içindäkileriň baryny gelmişekleriň eli bilen weýran ederin. Muny Men-Reb aýtdym».
[13] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn.
[14] Patrosy weýran ederin, Zogan galasyna ot bererin, Tebes galasynda hökümler çykararyn.
[15] Gazabymy Müsüriň güýji bolan Siniň üstüne döküp, Tebesiň köp ilatlylygynyň soňuna çykaryn.
[16] Müsüre ot bererin, Sin soňsuz jebir çeker, Tebes galasynyň diwary jaýryk atar we Memfis galasy her gün duşman hüjümine sezewar bolar.
[17] Heliýopolysyň we Pibesediň ýaş ýigitleri gylyçdan heläk bolarlar; galadaky halk sürgün ediler.
[18] Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.
[19] Men Müsüre hökümler çykararyn; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».
[20] Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň birinji aýynyň ýedisine maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[21] «Eý, ynsan ogly! Men Müsür patyşasy faraonyň goluny döwdüm. Ol şypa tapar ýaly daňylmady ýa-da gylyç tutmak üçin güýje geler ýaly oňa sargy saralmady.
[22] Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür patyşasy faraona garşydyryn. Men onuň iki elini hem: sagdyn elini-de, döwük elini-de syndyryp taşlaryn, elindäki gylyjyny gaçyraryn.
[23] Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, olary ýurtlaryň arasyna dargadaryn.
[24] Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.
[25] Babyl patyşasynyň goluny güýçlendirerin, emma faraonyň gollaryny syndyraryn. Gylyjymy Babyl patyşasynyň eline bererin, ol hem ony Müsüriň garşysyna uzadar, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.
[26] Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».