Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:00

[1] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.

[3] Sen Danyýelden has akyllysyň, hiç bir syr senden gizlin däldir.

[4] Sen danalygyň we düşünjäň bilen baýlyk edindiň, hazynalaryňda altyn, kümüş topladyň.

[5] Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“».

[6] Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen ýüregiňi bir hudaý ýaly tutduň.

[7] Munuň üçin Men gelmişekleri, milletleriň iň rehimsizini seniň üstüňe getirerin; olar seniň ajaýyp danalygyňy gylyç bilen kesip, şan-şöhratyňy harlarlar.

[8] Seni gabra indererler; sen deňizleriň goýnunda wagşy ölüme duçar bolarsyň.

[9] Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň.

[10] Sen gelmişekleriň elinde sünnetsizleriň ölümi bilen heläk bolarsyň, sebäbi Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär».

[11] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[12] «Eý, ynsan ogly! Sur patyşasy üçin agy aýt, oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Kämilligiň möhüri, danalygyň, gözelligiň aňrybaşy sendiň.

[13] Sen Eremde – Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.

[14] Sen goragçy kerup bolar ýaly ganatlaryňy ýaýyp oturdyň, seni Men belläpdim. Sen Hudaýyň mukaddes dagyndadyň, otly daşlaryň arasynda gezdiň.

[15] Ýaradylan günüňden tä senden ýazyk tapylýança, ýollaryňda aýypsyzdyň.

[16] Söwdaňyň köplügi zerarly seni zulumdan doldurdylar, sen günä etdiň. Şeýlelikde, Men seni haram hökmünde Hudaýyň dagyndan aşak taşladym. Men seni, eý, goragçy kerup, otly daşlaryň arasyndan kowup ýok etdim.

[17] Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutduň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym.

[18] Sen köp etmişleriň bilen, erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi harama çykardyň; onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy. Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp, ýer ýüzünde kül etdim.

[19] Halklar arasynda seni tanaýanlaryň bary saňa aňkarylyşarlar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».

[20] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[21] «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Sidona tarap öwür-de, oňa garşy pygamberlik et.

[22] Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.

[23] Men galanyň içine mergi iberip, köçelerinden gan akdyraryn; dumly-duşdan üstüne inýän gylyçdan galadaky ýaralylar heläk bolarlar. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler.

[24] Ysraýyl halkyny ýigrenýänleriň hiç biri indi gaýdyp Ysraýyla çümýän ýandak we awuly tiken bolmaz, şonda olar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler“».

[25] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkyny dargadylan halklaryň arasyndan yzyna ýygnap, milletleriň gözleriniň alnynda mukaddesligimi ykrar ederin. Şundan soň olar öz ýurtlarynda, ýagny Meniň gulum Ýakuba beren ýurdumda mesgen tutarlar.

[26] Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler».

Ezekiýel — Chapters