[1] Eý, ynsan ogly, Goguň garşysyna pygamberlik et we oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn.
[2] Seni arkan agdaryp süýrärin, demirgazygyň aňry uçlaryndan çykaryp, Ysraýyl daglarynyň üstüne getirerin.
[3] Sol eliňden ýaýyňy, sag eliňden okuňy urup gaçyraryn.
[4] Sen ähli goşunlaryň we ýanyňdaky halklar bilen birlikde Ysraýyl dagynyň üstünde heläk bolarsyň. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin.
[5] Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär.
[6] Magogyň we kenarýakalarynda howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne ot ibererin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.
[7] Halkym Ysraýylyň içinde mukaddes adymy aýan ederin; mundan beýläk mukaddes adymyň harlanmagyna ýol bermerin; onsoň milletler Ysraýylda mukaddes bolan Meniň Rebdigimi bilerler.
[8] Ine, ol gün geler we amala aşar, Hökmürowan Reb diýýär; Meniň gürrüňini eden günüm bu gündür.
[9] Ysraýyl galalarynyň ilaty daşary çykyp ot ýakar, ähli ýaraglary, kiçi hem uly galkanlary, ýaýlary we oklary, serdesseleri we naýzalary ýakyp-ýandyrarlar; bular ýedi ýyllap oda ýakylar.
[10] Oduny meýdandan daşamazlar, tokaýlary çapmazlar. Olar ody ýaraglar bilen ýakarlar; özlerini talanlary talarlar, soýanlary soýarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
[11] Şol gün Men Ysraýylda, deňziň gündogaryndaky Ötegçiler deresinde Goga gabrystanlyk bererin. Gogy we onuň ähli goşunyny ol ýerde gömerler we oňa „Goguň beýik goşunynyň deresi“ diýerler.
[12] Ýurdy tämizlemek üçin ysraýyl halky ýedi aýlap olary gömmegini dowam etdirer.
[13] Ýurduň halky olary gömer. Meniň şöhratlanan günüm bu ysraýyl halky üçin at-abraý bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
[14] Ýurdy tämizlemek üçin adamlar bellener. Olar hemişe ýurduň içinde gezip, her bir ýerde galan basybalyjynyň jesedini gömerler, şeýdip, ýurdy tämizlärler. Bu tämizleýiş işi ýedi aýyň dowamynda geçirilmelidir.
[15] Ýurduň içinde gezýän gözlegçiler adam süňküni görse, ony tä Gog goşunynyň deresinde gömýänçäler, onuň ýanynda bir nyşan dikerler.
[16] Galanyň ady-da Hamona bolar. Şeýdip, olar ýurdy tämizlärler».
[17] Eý, ynsan ogly, Hökmürowan Reb her hili guşlara we ähli ýyrtyjy haýwanlara şeýle diýýär diý: «Üýşüň-de, geliň; siziň üçin kesjek gurbanlygyma, Ysraýyl daglarynyň üstündäki uly gurbanlyga dumly-duşdan ýygnanyň, et iýersiňiz, gan içersiňiz.
[18] Başanyň semiz haýwanlarynyň: goçlaryň, guzularyň, erkeçleriň we öküzleriň eti we gany ýaly, güýçli adamlaryň we dünýäniň hökümdarlarynyň etini iýersiňiz, ganyny içersiňiz.
[19] Siziň üçin kesen gurbanlygymdan doýýançaňyz ýag iýersiňiz, serhoş bolýançaňyz gan içersiňiz.
[20] Saçagymyň başynda atlardan, söweş arabalaryndan, güýçli urşujylardan hem esgerlerden doýarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
[21] Men milletleriň arasynda şöhratymy aýan ederin; çykaran hökümlerimi, üstlerine goýan elimi ähli milletler görerler.
[22] Şeýlelikde, ysraýyl halky şol günden başlap, Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi biler.
[23] Milletler ysraýyl halkynyň Maňa dönüklik edendigi üçin, öz ýazygy sebäpli ýesir edip äkidilendigini bilerler. Men ýüzümi olardan gizledim, olary duşmanlarynyň eline berdim, ählisi gylyçdan heläk boldular.
[24] Olara öz haramlyklaryna we günälerine laýyk jeza berdim; ýüzümi olardan gizledim».
[25] Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.
[26] Olara hiç kim howp salman, öz ýurtlarynda howpsuz ýaşanlarynda, özleriniň masgaraçylykly hereketlerine we Maňa garşy eden dönükliklerine utanarlar.
[27] Men olary halklaryň arasyndan yzlaryna getirenimde we duşmanlarynyň ýurdundan ýygnanymda, olaryň üsti bilen köp milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi görkezerin.
[28] Sürgün eden ýerlerimden halky yzyna getirenimde, olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler; ol ýerde olaryň birini-de galdyrman öz ýurtlaryna ýygnaryn.
[29] Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.