Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:51

[1] Gepleýän ses maňa: «Eý, ynsan ogly, aýak üstüne gal, seniň bilen gepleşjek» diýdi.

[2] Ol geplände, Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Men Onuň özüme ýüzlenip gepleýänini eşitdim.

[3] Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren pitneçi millet bolan ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary Maňa garşy bolup geldiler.

[4] Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý.

[5] Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler.

[6] Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr.

[7] Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr.

[8] Ýöne sen, eý, ynsan ogly, özüňe aýdýanlarymy diňle. Bu pitneçi halk ýaly dikdüşdi bolma, agzyňy aç-da, saňa berjek zadymy iý».

[9] Onsoň men özüme tarap uzalýan bir el gördüm; ol elde bir düýrlenen kagyz bardy.

[10] Ony meniň öňümde açyp goýdy, onuň iki tarapy hem ýazylgydy, onda agylar, iňňildiler we nalyş sözleri ýazylgydy.

Ezekiýel — Chapters