[1] Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni Öz ruhy bilen getirip, düzlügiň ortasynda goýdy; düzlük süňklerden doludy.
[2] Ol meni olaryň arasyndan her tarapa geçirdi. Düzlükde süňkler san-sajaksyzdy. Olar gaty gurandy.
[3] Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler direlip bilermi?» diýip sorady. Men: «Ýa Hökmürowan Reb, muny Sen bilýärsiň» diýip jogap berdim.
[4] Onsoň Ol maňa bu süňkler hakda pygamberlik edip, olara şulary aýt diýdi: «Eý, gury süňkler, Rebbiň sözüni eşidiň!
[5] Hökmürowan Reb bu süňklere şeýle diýýär: „Ine, Men size nepesimi üflärin, siz direlersiňiz.
[6] Üstüňize siňirler çekip, size et bitirerin, üstüňize deri geýdirip, içiňize nepesimi üflärin; siz direlersiňiz we Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».
[7] Men özüme tabşyrylyşy ýaly, pygamberlik etdim. Pygamberlik edip durkam, bir goh turdy, şakyrdy boldy. Süňkler biri-birine, ýagny her süňk özüne degişli süňke ýakynlaşdy.
[8] Men seredip durkam, olaryň üstlerinde siňirler we et peýda boldy; ýokardan olary deri gaplady; ýöne olaryň nepesi ýokdy.
[9] Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“».
[10] Şeýlelikde, Onuň maňa tabşyryşy ýaly, pygamberlik etdim we nepes olaryň içine girdi. Olar direlip, köp, örän köp goşun kimin aýak üstüne galdylar.
[11] Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».
[12] Munuň üçin, pygamberlik et-de, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men gabyrlaryňyzy açyp, sizi gabyrlaryňyzdan çykararyn, eý, halkym; sizi Ysraýyl ýurduna getirerin.
[13] Men gabyrlaryňyzy açyp, sizi gabyrlaryňyzdan çykaranymda, eý, halkym, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
[14] Onsoň Men sizi ruhum bilen dolduraryn, siz direlersiňiz. Men sizi öz ýurduňyzda ýerleşdirerin. Onsoň muny Men-Rebbiň aýdandygyny we ýerine hem ýetirjekdigimi bilersiňiz». Muny Reb aýdýandyr.
[15] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[16] «Eý, ynsan ogly, özüňe bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýahuda üçin we onuň bilen birleşen ysraýyllar üçin“ diýip ýaz. Ýene bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýusup we onuň bilen jebisleşen tutuş ysraýyl halky üçin Efraýymyň taýagy“ diýip ýaz.
[17] Bir taýak bolar ýaly, olary biri-birine sepleşdir, olar seniň eliňde bir bolar».
[18] Ildeşleriň senden: «Bularyň nämäni aňladýandygyny bize aýtjak dälmi?» diýip soranlarynda,
[19] olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men Efraýymyň elindäki taýagyny Ýusup bilen birleşen ysraýyl tireleriniň taýagyny alyp, Ýahudanyň taýagyna seplärin. Olary bir taýak ederin, Meniň elimde olar bir bolarlar.
[20] Ýüzüne ýazgy ýazjak taýaklaryň olaryň gözleriniň alnynda seniň eliňde bolsun».
[21] Onsoň olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men ysraýyl halkyny giden ýerlerindäki milletleriň arasyndan çykararyn. Dumly-duşdan ýygnap, olary öz ýurtlaryna getirerin.
[22] Olary ýurtda, Ysraýyl daglarynyň üstünde bir millet ederin, olaryň baryny bir patyşa dolandyrar; olar gaýdyp iki millet bolmazlar, iki patyşalyga bölünmezler.
[23] Mundan beýläk özlerini butlary bilen, ýigrenji zatlary bilen ýa-da her dürli jenaýatlary bilen haram etmezler; Men olary eden ähli dönükliginden halas ederin, tämizlärin. Şeýlelikde, olar Meniň halkym bolarlar, Men hem olaryň Hudaýy bolaryn.
[24] Olara gulum Dawut patyşa bolar; hemmesi üçin diňe bir çopan bolar. Olar Meniň hökümlerim bilen ýöräp, parzlarymy doly berjaý ederler.
[25] Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar.
[26] Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, bu baky äht bolar. Olary ornaşdyryp, köpelderin we mukaddes öýümi ebedilik olaryň ortasynda berkarar ederin.
[27] Men olaryň arasynda mekan tutaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar.
[28] Mukaddes öýüm ebedilik olaryň arasynda ýerleşende, milletler Ysraýyly mukaddes edeniň Men-Rebdigimi bilerler».