Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:46

[1] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir?

[3] Siz ýag iýip, ýüňden eşik geýýärsiňiz; semiz goýunlar soýýarsyňyz, emma sürini bakmaýarsyňyz.

[4] Siz ejizi kuwwatlandyrmadyňyz, syrkawy bejermediňiz, ýaralynyň ýarasyny daňmadyňyz, azaşany yzyna getirmediňiz we ýitigi idemediňiz; gaýtam, zorluk hem rehimsizlik bilen olaryň üstünden agalyk etdiňiz.

[5] Çopanyň ýokdugy sebäpli olar dargadyldy; olar dargadylanda, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular.

[6] Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“».

[7] Şonuň üçin, eý, çopanlar, Rebbiň sözüni eşidiň:

[8] «Öz barlygymdan ant içýärin, çopanyň ýoklugy üçin Meniň goýunlarym talandy we ýyrtyjy haýwanlara şam boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Çopanlarym goýunlarymy idemediler, olar sürini bakman, özlerini bakdylar».

[9] Şonuň üçin, eý, çopanlar, Rebbiň sözüni eşidiň.

[10] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men çopanlara garşydyryn! Sürim üçin olardan hasabat soraryn we indi goýun bakdyrmagy goýduraryn. Gaýdyp, çopanlar özlerini bakmazlar; Men goýunlarymy olara iýmit bolmaz ýaly agyzlaryndan halas ederin».

[11] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin.

[12] Dargan goýunlarynyň arasynda galan çopan sürüsine nähili ideg, gözleg edýän bolsa, Men-de goýunlaryma şonuň ýaly ideg ederin. Gara bulutly, tüm garaňkylyk güni Men olary ähli dargadylan ýerlerinden halas ederin.

[13] Olary halklaryň arasyndan çykararyn, ýurtlardan ýygnaryn; öz ýerlerine getirip, Ysraýylyň daglarynda, jülgelerinde we ýurduň ähli oturymly ýerlerinde bakaryn.

[14] Olary ýaşyl ýaýlada bakaryn; Ysraýylyň belent daglary olaryň örüsi bolar; ol ýerde ýaşyl ýaýlada ýatyp, Ysraýylyň daglarynda bol örüde otlarlar.

[15] Goýunlarymy Özüm bakyp, Özüm ýatyraryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.

[16] Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn».

[17] «Eý, Meniň sürim, Men Hökmürowan Reb size şeýle diýýärin: „Goýun bilen goýnuň, goç bilen tekäniň arasynda höküm çykarjak Mendirin.

[18] Ýaşyl ýaýlada otlaýarsyňyz, şonda-da örüleriňiziň artyp galanyny aýaklaryňyz bilen basalaýarsyňyz. Dury suwdan gansaňyz-da, galanyny aýagyňyz bilen bulaýarsyňyz.

[19] Meniň goýunlarym siziň basgylan otlaryňyzy iýýärler, aýaklaryňyz bilen bulandyran suwuňyzy içýärler“».

[20] Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Semiz goýun bilen arryk goýnuň arasynda hökümi Meniň Özüm çykarjakdyryn.

[21] Siz ejiz goýunlaryň ählisini kowup, tä uzaklara dargadýançaňyz, ýanbaşyňyz we çigniňiz bilen itýärsiňiz, şahyňyz bilen süsýärsiňiz.

[22] Şonuň üçin Men goýunlarymy halas ederin, olar gaýdyp talaňa salynmaz; goýun bilen goýnuň arasynda höküm çykararyn.

[23] Olary bakar ýaly üstlerinden ýeke-täk çopan goýaryn. Meniň gulum Dawut olary bakar we olaryň çopany bolar.

[24] Men-Reb olaryň Hudaýy we gulum Dawut olaryň hökümdary bolar. Muny Men-Reb aýtdym.

[25] Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, ýurtdaky ýyrtyjy haýwanlaryň soňuna çykaryn. Olar çölde howpsuz ýaşarlar we tokaýlarda ýatarlar.

[26] Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar.

[27] Ähli agaçlar öz miwesini berer, ýer öz hasylyny eçiler. Olar öz ýurtlarynda howpsuz ýaşarlar. Boýuntyryk baglaryny goparyp, gul edenleriň elinden azat edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.

[28] Olar mundan bu ýana milletleriň talaňyna duçar bolmazlar we ýyrtyjy haýwanlar olary iýmez. Olar howpsuz ýaşarlar, olary gorkuzan bolmaz.

[29] Olar ýurtda gaýdyp açlykdan heläk bolmaz we milletleriň gyjalatyny çekmez. Şonda Men olar üçin bol däneli ekerançylyk meýdanyny ýetişdirerin.

[30] Şonda özleriniň Hudaýy Men-Rebbiň olar bilen biledigimi, ysraýyl halkynyň bolsa Meniň halkymdygyny bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.

[31] Siz Meniň goýunlarym, örimiň goýunlarysyňyz. Siz ynsansyňyz, Men bolsam siziň Hudaýyňyzdyryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

Ezekiýel — Chapters