Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:44

[1] Sidkiýa patyşa bolanda, ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.

[2] Sidkiýa hem Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.

[3] Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.

[4] Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular.

[5] Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy.

[6] Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady.

[7] Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler.

[8] Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň ähli goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler.

[9] Onsoň babyllylar patyşany tutup, Hamat ýurdundaky Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy.

[10] Babyl patyşasy Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdi. Riblada Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny-da öldürdi.

[11] Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy we zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdi. Ol ony ölýänçä zyndanda saklady.

[12] Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi.

[13] Nebuzaradon Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we Iýerusalimiň ähli jaýlaryny oda berdi, ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.

[14] Babyllylaryň janpenalarynyň baştutany bilen gelen goşun Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryň ählisini ýykdy.

[15] Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň garyplaryny, şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we aman galan senetkärleri ýesir edip äkitdi.

[16] Emma janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.

[17] Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler.

[18] Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, pilçeleri, ätişgirleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki bürünç gap-gaçlaryň baryny alyp gitdiler.

[19] Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi.

[20] Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin ýasan iki sütüni, bir howzy we howzuň aşagyndaky on iki sany bürünç öküzi üçin sarp edilen bürünjiň agramy çäksizdi.

[21] Bir sütüniň beýikligi on sekiz tirsekdi. Töwereginiň aýlawy on iki tirsekdi. Galyňlygy dört barmak bolup, içi boşdy.

[22] Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi bäş tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy. Beýleki ikinji sütün-de narlar bilen bezelip, edil birinjä meňzeşdi.

[23] Her hataryň töwereginde jemi ýüz nar bardy we ýerden diňe togsan altysy görnüp durdy.

[24] Baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny janpenalaryň baştutany Babyla ýesir edip äkitdi.

[25] Ol şäherde galan esgerleriň baştutany edip bellenen bir harby serkerdäni, şäherden tapylan patyşanyň ýedi sany maslahatçysyny, ýurduň ilatyny goşuna ýazýan serkerdäniň mürzesini we ýurduň ilatynyň altmyş sany baştutanyny alyp gitdi.

[26] Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Ribla galasyndaky Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi.

[27] Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.

[28] Nebukadnesaryň ýesir edip getiren halky, ine, şulardan ybarat: patyşalygynyň ýedinji ýylynda üç müň ýigrimi üç ýahudany;

[29] Nebukadnesaryň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda Iýerusalimden sekiz ýüz otuz iki adamy;

[30] ýigrimi üçünji ýylynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýahudalardan ýedi ýüz kyrk bäş adamy ýesir edip äkitdi. Olar jemi dört müň alty ýüz adamdyr.

[31] Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň sürgünliginiň otuz ýedinji ýylynda Ewilmerodak Babyla patyşa boldy. Ol şol ýylyň on ikinji aýynyň ýigrimi bäşinde Ýahuda patyşasy Ýehoýakyna ýagşylyk edip, ony tussaglykdan boşatdy.

[32] Ol Ýehoýakyn bilen mähirli söhbet etdi we ony Babyla sürgün edilen beýleki şalardan ileri tutdy.

[33] Şeýdip, Ýehoýakyn tussaglykdaky geýimlerini çykardy. Ol galan ömrüniň ähli günlerinde patyşanyň saçagyndan naharlandy.

[34] Onuň gündelik eklenji tä ölýänçä Babyl patyşasy tarapyndan berildi.

Ýermeýa — Chapters