Listen to this chapter • 1:03
[1] Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Neriýanyň ogly Baruk Ýermeýanyň dilinden şu sözleri kitaba ýazyp otyrka, Ýermeýa pygamberiň oňa aýdan sözi:
[2] «Eý, Baruk! Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle diýýär:
[3] Sen: „Dat günüme! Çünki Reb derdime gaýgy-hasrat goşdy, ahy-nalamdan ýaňa tapdan düşdüm, rahatlyk tapmaýaryn“ diýdiň».
[4] Reb Baruga şeýle diýýär diýip aýt: «Ine, tutuş ýer ýüzünde dikenimi ýykaryn, ekenimi sogrup taşlaryn.
[5] Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».
Ýermeýa — Chapters
13:4327:0935:2945:4955:4565:4276:0984:2994:52103:58114:51123:23134:46144:46154:24164:08175:13184:12193:22203:40213:05225:50238:20242:16257:29265:08274:56283:44297:01304:47318:20328:56335:10345:06354:16366:47374:04385:52393:54404:39414:11424:29432:59447:38451:03465:32471:27488:02498:19509:435111:36526:44