Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:12

[1] Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Tur, küýzegäriň öýüne gir, sözlerimi şol ýerde saňa aýan ederin».

[3] Men küýzegäriň öýüne gitdim. Men onuň çarhyň başynda işläp oturanyny gördüm.

[4] Küýzegäriň toýundan ýasaýan küýzesi elinde döwlende, ol öz isleýşi ýaly palçykdan başga bir küýze ýasady.

[5] Onsoň maňa ýene Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[6] «Eý, ysraýyl halky, Men-de sizi bu küýzegäriň ýasaýşy ýaly ýasap bilmerinmi? Muny Men-Reb aýdýandyryn. Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz, eý, ysraýyl halky!

[7] Men bir milleti ýa-da patyşalygy sogrup taşlamak, ýumrup ýok etmek barada jar etsem,

[8] emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin.

[9] Aýdaly, Men bir milleti ýa-da patyşalygy berkarar edip, bina etmek hakynda jar eden bolsam,

[10] emma bu millet meniň nazarymda pis işler edip, sözüme gulak asmasa, onda Men oňa etjek ýagşylygymdan el çekerin.

[11] Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“.

[12] Emma olar: „Bidereklik! Biz öz pikirlerimize eýereris, kesirlik bilen öz erbet niýetlerimize görä hereket ederis“ diýerler.

[13] Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Milletler arasynda soraň, bular ýaly zady kim eşidipdir? Ysraýyl boý gyzy örän elhenç iş etdi.

[14] Liwanyň gary onuň beýik gaýalaryny, heý, terk edermi? Onuň uzakdan akýan sowuk bulaklary heý kesilermi?

[15] Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.

[16] Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar.

[17] Olary duşmanlarynyň öňünde gündogar şemaly kimin pytradaryn. Başlaryndan betbagtlyk inen güni ýüzümi däl-de, ýeňsämi görkezerin“».

[18] Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.

[19] Ýa Reb, Sen maňa gulak goý, garşydaşlarymyň sesini eşit!

[20] Ýagşylyga ýamanlyk edilermi? Emma olar janymy almak üçin çukur gazdylar. Gazabyňy olardan sowmak, olara ýagşylyk dilemek üçin, huzuryňda nähili duranymy ýadyňa sal.

[21] Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.

[22] Üstlerine garakçylary duýdansyz dökeniňde, öýlerinden dady-perýat eşidilsin. Çünki meni tutmak üçin çukur gazdylar, aýagymyň astyna gizlin duzak gurdular.

[23] Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň. Olaryň ýazygyny bagyşlama, günälerini nazaryňdan düşürme. Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar, olara garşy gazabyňda hereket et.

Ýermeýa — Chapters