[1] Rebbiň öýüniň baş gözegçisi Immeriň ogly Paşhur ruhany Ýermeýanyň bu sözleri pygamberlik edenini eşitdi.
[2] Onsoň Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Rebbiň öýündäki ýokarky Benýamin derwezesinde aýaklaryna künde saldy.
[3] Ertesi säher bilen Paşhur Ýermeýany kündeden boşadanda, Ýermeýa oňa şeýle diýdi: «Reb seni Paşhur däl-de, Magor Misabyp diýip atlandyrdy.
[4] Çünki Reb şeýle diýýär: „Men seniň özüňi we dost-‑ýarlaryň baryny howp astyna salaryn. Olaryň duşman gylyjyndan heläk bolşuny öz gözleriň bilen görersiň. Men tutuş Ýahudany Babyl patyşasynyň eline bererin. Bu patyşa olary Babyla äkider we gylyçdan geçirer.
[5] Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler.
[6] Eý, Paşhur, sen bilen seniň öýüňde ýaşaýanlaryň bary Babyla sürgün ediler. Sen-de, seni söýýänler-de, ýagny seniň ýalandan pygamberlik eden adamlaryň-da şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanarsyňyz“».
[7] Ýa Reb, Sen meni aldadyň, men-de aldandym. Sen menden güýçlüsiň, Sen meni ýeňdiň. Bütin gün men boldum gülki, ýaňsylaýar her kim meni.
[8] Çünki geplesem, perýat edýärin, «Zorluk we zulum!» diýip gygyrýaryn. Rebbiň sözünden ýaňa bütin gün kemsidildim we masgara boldum.
[9] Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.
[10] Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.
[11] Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.
[12] Eý, Hökmürowan Reb, dogry adamlary synaýan, ýürekleri görýän we pikirleri okaýan Sensiň! Dawamy Saňa mälim edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!
[13] Rebbe nagma aýdyň, Rebbe alkyş okaň! Çünki garybyň janyny ýaramazlaryň elinden Ol halas etdi.
[14] Meniň doglan günüme nälet bolsun! Enemiň meni dogran gününe alkyş bolmasyn!
[15] «Ogluň boldy!» diýip, kakamy begendiren buşlukça nälet bolsun!
[16] Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman ýumran şäherleri kimin bolsun! Säher dady-perýat, günortan ahy-nala eşidilsin!
[17] Çünki ol adam ýatgydakam öldürmedi, ýogsam enem meniň mazarym bolardy, onuň ýatgysy ebedilik göwreli bolardy.
[18] Men näme üçin eneden doguldymkam? Gaýgy-hasrat çekip, ömrümi ryswalykda geçirmek üçinmi?