Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:04

[1] Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi.

[2] Emma ne onuň özi, ne hyzmatkärleri, ne-de ýurduň halky Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözlerine gulak asdylar.

[3] Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!»

[4] Ýermeýa heniz tussag edilmändi, ol halkyň arasyna arkaýyn çykýardy.

[5] Şol arada faraonyň goşuny Müsürden çykypdy. Iýerusalimiň daşyny gaban babyllylar olar hakdaky habary eşidip, Iýerusalimden çekilipdiler.

[6] Şonda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[7] «Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan faraonyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar.

[8] Babyllylar bolsa ýene gelip, bu şähere çozarlar we ony eýeläp ýakarlar“.

[9] Reb şeýle diýýär: „‘Babyllylar hökman üstümizden aýrylyp gider’ diýip, özüňizi aldamaň; olar gitmezler!

[10] Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».

[11] Faraonyň goşuny zerarly babyllylaryň goşuny Iýerusalimden yza çekilende,

[12] Ýermeýa benýamin topragyna baryp, halkyň arasynda öz paýyna düşen mülküni almak üçin Iýerusalimden gitmek isledi.

[13] Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi.

[14] Ýermeýa bolsa: «Ýalan! Men babyllylaryň tarapyna geçjek bolamok» diýdi. Ýöne Ýiriýaý oňa gulak asmady we Ýermeýany tussag edip, ýolbaşçylaryň ýanyna getirdi.

[15] Ýermeýa gaharlary gelen ýolbaşçylar, ony ýenjip, tussaghana taşladylar. Bu zyndan öň Ýonatan kätibiň öýüdi.

[16] Ýermeýany zyndandaky çukura gabadylar, ol ençeme günläp, ol ýerde galdy.

[17] Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi.

[18] Ýermeýa ýene-de Sidkiýa patyşa şeýle diýdi: «Meni tussaghana salar ýaly, men saňa, hyzmatkärleriňdir bu halka garşy näme günä etdim?

[19] „Babyl patyşasy siziň üstüňize, bu ýurduň üstüne çozmaz“ diýip, size welilik eden pygamberleriňiz hany nirede?

[20] Indi maňa gulak goý, eý, jenabym patyşa! Bu haýyşymy berjaý etmegiňi towakga edýärin, meni gaýdyp Ýonatan kätibiň öýüne iberme, ol ýerde ölmäýin».

[21] Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.

Ýermeýa — Chapters