[1] Milletler hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň sözi aýan boldy.
[2] Bu Müsür hakdadyr. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda, Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýewfrat derýasynyň ýakasyndaky Karkemişde Müsür patyşasy faraon Nekonyň goşunyny derbi-dagyn etjekdigi hakyndaky habardyr:
[3] Uly hem kiçi galkanlary taýýarlap, söweşe giriň!
[4] Atlary eýerläp, münüň, eý, atlylar! Tuwulgaňyzy geýip, ornuňyzda duruň, naýzalary ýiteldiň we sowutlar geýiň.
[5] Men näme görýärin? Olar gorkup, yza çekildiler. Batyrlary ýere çalnyp, yzlaryna garaman gaçdylar. Ähli tarapdan howp abanýar. Muny Reb aýdýandyr.
[6] Ýüwrük gaçyp gutulmaz, batyr halas bolup bilmez; demirgazykda, Ýewfradyň kenarynda olar büdräp ýykylarlar.
[7] Ol nämedir Nil kimin daşyp, suwlar kimin çaýkanýan?
[8] Ol Müsürdir, Nil deý joşup, suwlar kimin çaýkanýan. Ol diýdi: «Men beýgelip, ýer ýüzüni gaplaryn, şäherleri ilaty bilen birlikde ýok ederin».
[9] Eý, atlar, ýel bolup uçuň! Eý, söweş arabalar, däliräp çapyň! Eý, batyrlar, galkanly Efiopiýa we Put, eý, eli ýaýly lutlar, orta söweşe çykyň!
[10] Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.
[11] Eý, biçäre Müsür halky, Gilgada git-de, melhem al! Dermany köp içmegiň puçdur; seniň derdiňe şypa ýokdur.
[12] Seniň utanjyňy milletler eşitdiler, ýer ýüzüne doldy dady-perýadyň. Iki urşujy biri-birine büdräp, ikisi-de birlikde ýere ýazyldy.
[13] Babyl patyşasy Nebukadnesaryň uruşmak üçin Müsür ýurduna geljekdigi barada Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[14] «Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň, Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň: „Taýýar boluň, ornuňyzda duruň, gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“.
[15] Näme üçin öküz hudaýyň – Apys gaçdy? Ol näme üçin durup bilmedi? Çünki ony Reb ýer bilen ýegsan etdi.
[16] Köp esgerler büdredi, biri-biriniň üstüne ýykylyp: „Turuň, zalym gylyçdan gaçyp, öz halkymyza, dogduk mekanymyza dolanalyň“ diýdiler.
[17] Ol ýerde: „Müsür patyşasy faraon bir ýaňra, ol pursady elden sypdyrdy“ diýip gygyryň.
[18] Ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa şeýle diýýär: „Öz barlygymdan ant içýärin: biri geler – ol daglar içinde beýik Tabor dagy kimindir, deňiz ýakasyndaky Karmel dagy deýdir.
[19] Eý, Müsüriň ilaty, goşuňy düw, sürgün edilersiň! Memfis weýran bolar, ilatsyz bir haraba döner.
[20] Müsür bir enaýyja göle bolsa-da, demirgazykdan oňa gögeýin çozar.
[21] Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.
[22] Duşman goşuny bilen hüjüm edende, ol süýrenip gaçýan ýylan ýaly haşşyldar. Duşman agaç çapýan deý Müsüre garşy eli paltaly çozar.
[23] Gür bolsa-da, tokaýyny çaparlar, muny Reb aýdýandyr. Olar çekirtgelerden-de köpdür, hasaby ýok, san-sajaksyzdyr.
[24] Müsür gyzlary uýada galar, demirgazyk halkynyň eline berler“.
[25] Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary
[26] olaryň janlarynyň kastyna çykan Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen onuň serkerdeleriniň eline tabşyraryn. Şondan soň Müsür gadymkysy ýaly ýene ilatly bolar. Muny Reb aýdýandyr“.
[27] Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün edilen ýurdundan gutararyn. Ýakup yzyna dolanyp, dynç hem asuda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz.
[28] Gorkma, eý, gulum Ýakup, çünki Men seniň bilendirin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Emma saňa adalatly temmi bererin, seni jezasyz galdyrmaryn. Muny Reb aýdýandyr».