Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:47

[1] Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz.

[3] Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».

[4] Onsoň Ýermeýa Neriýanyň ogly Barugy çagyrdy. Baruk hem Rebbiň Ýermeýa aýdan ähli sözlerini onuň dilinden bir kagyza ýazdy.

[5] Ýermeýa Baruga şeýle buýruk berdi: «Maňa Rebbiň öýüne barmak gadagan.

[6] Ýöne sen git-de, meniň dilimden ýazyp alan Rebbiň sözlerini agyz bekleme güni Rebbiň öýünde halka okap ber. Ony Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halka eşitdirip okap ber.

[7] Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr».

[8] Rebbiň öýünde Neriýanyň ogly Baruk düýrlenen golýazmadan Rebbiň sözlerini okady. Ol Ýermeýa pygamberiň tabşyran ähli zadyny berjaý etdi.

[9] Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň bäşinji ýylynyň dokuzynjy aýynda Iýerusalim bilen Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halk Rebbiň öýünde agyz beklemegi yglan etdi.

[10] Şonda Baruk ýokarky howluda, Rebbiň öýüniň Täze derwezesiniň girelgesinde ýerleşýän Şapanyň ogly kätip Gemarýanyň otagynda Ýermeýanyň sözlerini ähli halka eşitdirip okady.

[11] Şapanyň agtygy, Gemarýanyň ogly Mikaýa düýrlenen golýazmadan okalan Rebbiň sözlerini eşidende,

[12] patyşanyň köşgündäki kätibiň otagyna gitdi. Ähli ýolbaşçylar, Elişama kätip, Şemagýanyň ogly Delaýa, Akboryň ogly Elnatan, Şapanyň ogly Gemarýa we Hananýanyň ogly Sidkiýa hem-de ähli köşk emeldarlary ol ýerde otyrdylar.

[13] Barugyň golýazmadan halka okap beren ähli sözlerini Mikaýa olara aýdyp berdi.

[14] Onsoň ähli köşk emeldarlary: «Halka okalyp berlen golýazmany al-da, ýanymyza gel» diýip, Kuşynyň çowlugy, Şelemýanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ýegudyny Barugyň ýanyna ýolladylar. Neriýanyň ogly Baruk-da golýazmany alyp, olaryň ýanyna geldi.

[15] Olar oňa: «Indi otur-da, ony bize okap ber» diýdiler. Şeýlelikde, Baruk ony olara okap berdi.

[16] Olar bu sözleri eşidenlerinde, gorkudan ýaňa biri-birlerine bakyşyp, Baruga: «Biz bu sözleriň ählisini hökman patyşa aýdarys» diýdiler.

[17] Onsoň olar Barukdan: «Indi bize aýt, sen bu sözleri nädip ýazdyň? Ýermeýanyň öz dilindenmi?» diýip soradylar.

[18] Baruk: «Ol bu sözleriň baryny maňa dilden aýtdy, men hem syýa bilen kagyza geçirdim» diýip jogap berdi.

[19] Onsoň köşk emeldarlary Baruga: «Gidiň-de, Ýermeýa ikiňizem gizleniň, nirededigiňizi hiç kim bilmesin» diýdiler.

[20] Olar golýazmany kätip Elişamanyň otagynda goýdular, özleri bolsa, köşkdäki patyşanyň ýanyna gidip, ähli sözleri oňa ýetirdiler.

[21] Patyşa golýazmany getirmäge Ýegudyny iberdi. Ol hem ony kätip Elişamanyň otagyndan alyp geldi. Soňra Ýegudy ony patyşa we onuň huzuryndaky emeldarlara eşitdirip okady.

[22] Dokuzynjy aýdy, patyşa gyş köşgünde otyrdy. Öňündäki ojakda bolsa, ot ýanyp durdy.

[23] Ýegudy her parçany okanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen düýrlenen golýazmanyň şol bölegini kesip, ýanyp duran ojaga taşlaýardy, ol golýazmanyň hemmesini otda ýakyp bolýança, şeýle etdi.

[24] Ýöne bu sözleriň hemmesini eşiden patyşadyr onuň ähli hyzmatkärleri gorkmadylar, eginbaşlarynam ýyrtmadylar.

[25] Elnatan, Delaýa we Gemarýa patyşadan golýazmany ýakmazlygyny ýalbaryp haýyş etseler-de, patyşa olara gulak asmady.

[26] Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.

[27] Barugyň Ýermeýanyň dilinden ýazyp alan kagyzyny patyşa ýakanyndan soň, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[28] «Başga bir düýrlenen kagyz al-da, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan golýazmasyndaky sözleriň ählisini oňa ýaz.

[29] Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma bolsa, Reb şeýle diýýär diý: „Sen golýazmany ýakdyň. Babyl patyşasynyň gelip, bu ýurdy weýran etjekdigi, ondan ynsany-da, haýwany-da ýok edip taşlajakdygy hakynda näme üçin bu kagyzda ýazdyň diýip, Ýermeýadan soradyň?“.

[30] Munuň üçin Reb Ýahuda patyşasy Ýehoýakym barada şeýle diýýär: „Onuň neslinden hiç kim Dawut tagtynda oturmaz. Jesedi gündiziň yssysyna, gijäniň aýazyna taşlanar.

[31] Etmişleri üçin onuň özüni, neslini we hyzmatkärlerini jezalandyraryn. Olar hakda aýdan ähli bela-beterlerimi olaryň özleriniň, Iýerusalim ilaty bilen ýahuda halkynyň başyndan indererin, sebäbi olar Maňa gulak asmadylar“».

[32] Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy.

Ýermeýa — Chapters