Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:44

[1] Şol ýylyň, ýagny dördünji ýylyň bäşinji aýynda Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň başlangyjynda gibgonly Azuryň ogly Hananýa pygamber Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylar bilen ähli halkyň öňünde maňa şeýle diýdi:

[2] «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwdüm.

[3] Babyl patyşasy Nebukadnesaryň bu ýerden alyp, Babyla äkiden Rebbiň ybadathanasynyň ähli gap-gaçlaryny iki ýylyň içinde bu ýere yzyna getirerin.

[4] Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».

[5] Onsoň Ýermeýa pygamber ruhanylaryň we Rebbiň ybadathanasynda duran ähli halkyň gözleriniň alnynda Hananýa pygamber bilen gepleşdi.

[6] Ýermeýa pygamber şeýle diýdi: «Omyn! Aýdanyň gelsin! Goý, Reb Öz ybadathanasynyň gap-gaçlaryny we sürgüne gidenleriň baryny Babyldan bu ýere yzyna getirip, seniň pygamberlik edip aýdan sözleriňi amala aşyrsyn!

[7] Indi bolsa saňa we ähli halka eşitdirip aýtjak bu sözümi diňle.

[8] Mendenem, sendenem öň ýaşap geçen pygamberler köp ýurtlara we beýik patyşalyklara garşy urşy, betbagtlygy, mergini owaldan bäri pygamberlik edipdiler.

[9] Emma sag-salamatlygy pygamberlik edýäniň sözi hakykatdan-da amala aşanda, diňe şonda ol pygamberi Rebbiň ýollandygy belli bolar».

[10] Şonda Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygy çykaryp, ony döwdi.

[11] Onsoň Hananýa ähli halkyň öňünde söz sözläp: «Reb şeýle diýýär: „Men iki ýylyň içinde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň boýuntyrygyny ähli milletleriň boýnundan aýryp, şeýle döwerin“» diýdi. Ýermeýa pygamber bolsa öz ýoluna gitdi.

[12] Hananýa pygamber Ýermeýa pygamberiň boýnundaky boýuntyrygy döweninden soňra, Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy:

[13] «Bar, Hananýa Reb şeýle diýýär diýip aýt: „Sen agaç boýuntyrygy döwdüň, emma onuň ýerine demir boýuntyryk ýasarsyň!

[14] Çünki Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb bu milletleriň hemmesi Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etsinler diýip, boýnuna demir boýuntyryk saldym, olar oňa gulluk ederler. Onuň ygtyýaryna hatda ýabany haýwanlary-da berdim“».

[15] Onsoň Ýermeýa pygamber Hananýa pygambere şeýle diýdi: «Eý, Hananýa, indi eşit! Seni Reb ýollamady, emma sen bu halky ýalan geplere ynandyrdyň.

[16] Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Ine, Men seni ýer ýüzünden sogrup taşlaryn. Şu ýyl ölersiň, çünki sen Rebbiň garşysyna geplediň“».

[17] Şeýlelikde, Hananýa pygamber şol ýylyň ýedinji aýynda öldi.

Ýermeýa — Chapters