Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:16

[1] Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründe Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Rekabyň kowumlarynyň ýanyna gidip, olar bilen gepleş we olary Rebbiň öýüniň otaglarynyň birine getir-de, şerap içir».

[3] Onsoň men Habasynýanyň agtygy, Ýermeýanyň ogly Ýagazanýany, onuň doganlaryny, ogullaryny we Rekabyň ähli kowumlaryny alyp,

[4] olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady.

[5] Onsoň men Rekabyň kowumlarynyň öňünde şerapdan doly küýzeler bilen käseler goýup, olara: «Şerap içiň» diýdim.

[6] Emma olar şeýle jogap berdiler: «Ýok, biz içjek däl, çünki atamyz Rekabyň ogly Ýonadap bize şeýle buýruk berdi: „Siziň özüňiz-de, çagalaryňyz-da hiç wagt şerap içmeli dälsiňiz.

[7] Özüňiz üçin öý gurmaň, ekin ekmäň, üzüm agaçlaryny oturtmaň, bu zatlary edinmäň. Eýsem bütin ömrüňize çadyrlarda ýaşaň. Şonda gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňyzda uzak ömür sürersiňiz“.

[8] Biz atamyz Rekabyň ogly Ýonadabyň özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik. Biziň özümiz-de, aýallarymyz-da, ogul-gyzlarymyz-da hiç wagt şerap içmedik.

[9] Içinde ýaşar ýaly öýler gurmadyk, baglar, üzümçilikler, ekinler ekmedik.

[10] Biz çadyrlarda ýaşadyk. Atamyz Ýonadaba gulak asyp, özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik.

[11] Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we siriýalylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“ diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs».

[12] Onsoň Ýermeýa Rebbiň sözi gelip,

[13] Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Git-de, ýahuda halky bilen Iýerusalimiň ilatyna şeýle diý: „Siz Meniň sözlerimi diňläp, hiç bir sapak aljak dälmisiňiz? Muny Reb aýdýandyr.

[14] Rekabyň ogly Ýonadabyň öz nesillerine şerap içmäň diýen tabşyrygy berjaý edilýär. Olar tä şu güne çenli şerap içmän, ata-babalarynyň tabşyrygyna gulak asýarlar. Men bolsam size irginsiz aýtdym, emma Meni diňlemediňiz.

[15] Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz.

[16] Rekabyň ogly Ýonadabyň nesilleri öz ata-babalarynyň beren tabşyrygyny berjaý etdiler, emma bu halk Meni diňlemedi“.

[17] Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».

[18] Ýermeýa Rekabyň kowumlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Siz ataňyz Ýonadabyň buýrugyna gulak asdyňyz, onuň ähli tabşyryklaryny berjaý etdiňiz, size buýran ähli zatlaryny ýerine ýetirdiňiz.

[19] Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Rekabyň ogly Ýonadabyň neslinden Meniň huzurymda hyzmat etjek adamlaryň sany hiç wagt kemelmez“».

Ýermeýa — Chapters