Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:29

[1] Onsoň goşun serkerdeleri, Kareýanyň ogly Ýohanan, Hoşaýanyň ogly Ýezanýa we uludan-kiçä ähli halk golaýa gelip,

[2] Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyşymyzy berjaý etmegiňi towakga edýäris, biziň üçin, bu aman galanlar üçin Hudaýyň Rebbe dileg et. Öz gözüň bilen görşüň ýaly, biz köpçülikdik, indi bolsa azalyp galdyk.

[3] Nirä gitmelidigimizi, näme iş etmelidigimizi, goý, Hudaýyň Reb bize görkezsin».

[4] Ýermeýa pygamber olara: «Bolýar, ine, aýdyşyňyz ýaly, men Hudaýyňyz Rebbe dileg ederin we Reb näme jogap berse, ony size aýan ederin. Sizden hiç zady ýaşyrmaryn» diýdi.

[5] Olar Ýermeýa ýene şeýle diýdiler: «Eger Hudaýyň Rebbiň bize bildirmek üçin saňa aýan eden her bir sözüni ýerine ýetirmesek, goý, Rebbiň Özi bize garşy hakyky we wepaly şaýat bolsun.

[6] Ýagşy bolsa-da, ýaman bolsa-da, seni ýanyna iberýän Hudaýymyz Rebbe gulak asarys. Işimiz oňuna bolar ýaly, biz Hudaýymyz Rebbe gulak asarys».

[7] On günden soň, Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.

[8] Onsoň ol Kareýanyň ogly Ýohanany, onuň bilen birlikde goşun serkerdelerini we uludan-kiçä tutuş halky çagyrdy.

[9] Olara şeýle diýdi: «Dilegiňizi mälim etmegim üçin meni Ysraýyl Hudaýy Rebbiň huzuryna iberdiňiz. Ol hem şeýle diýýär:

[10] „Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.

[11] Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb aýdýandyr. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin.

[12] Men onuň size rehimi iner ýaly ederin, şonda onuň size haýpy gelip, sizi öz ýurduňyza iberer“.

[13] Emma siz: „Biz bu ýurtda ýaşajak däl“ diýseňiz we Hudaýyňyz Rebbe gulak asman,

[14] „Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz,

[15] Rebbiň sözüni diňläň, eý, Ýahudanyň aman galanlary! Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger siz Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy karar etseňiz,

[16] gorkýan gylyjyňyz ol ýerde yzyňyzdan ýeter, gorkýan açlygyňyz Müsürde siziň ýakaňyzdan ýapyşar we siz ol ýerde ölersiňiz.

[17] Ornaşmak üçin Müsüre gitmegi karar eden her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Başlaryndan inderjek betbagtlygymdan hiç kim diri galmaz we hiç kim gaçyp gutulmaz“.

[18] Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.

[19] Eý, Ýahudanyň aman galanlary, Reb size: „Müsüre gitmäň“ diýip buýurdy. Bilip goýuň, bu gün muny size duýdurandyryn.

[20] Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.

[21] Men ony size bu gün habar berdim, emma Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen size aýdan sözleriniň hiç birine gulak asmadyňyz.

[22] Indi bolsa bilip goýuň, gidip, ýaşajak bolýan ýeriňizde siz gylyçdan, açlykdan we mergiden ölersiňiz».

Ýermeýa — Chapters