Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:27

[1] Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Reb şeýle diýýär: „Demirgazykdan suwlar joşup, derýa kimin dolup-daşar-da, ýurdy we ondaky ähli zatlary, şäheri hem ýaşaýjylaryny basar. Adamlar dady-perýat ederler, ýurduň bütin halky ahy-nala çeker.

[3] Daýaw atlaryň toýnak sesinden, söweş arabalarynyň takyrdysyndan, tigirleriniň seslerinden ýaňa elleri tapdan düşen atalar öwrülip, çagalaryna ýardam bermezler.

[4] Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder.

[5] Gaza saçyny ýolar, Aşkelon sus bolar. Eý, barja aman galanlar, haçana çenli özüňizi ýaralajak?

[6] Eý, Rebbiň gylyjy! Sen haçana çenli köşeşjek däl? Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol.

[7] Reb oňa tabşyryk berensoň, ol nädip köşeşsin? Ol ony ol ýere – Aşkelona, deňiz kenaryna garşy ýollady“».

Ýermeýa — Chapters