Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:23

[1] Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?

[2] Olary Sen oturtdyň, kök urdular. Ösüp-ulalyp, miwe berdiler. Seniň adyň dillerinden düşmeýär, emma ýürekleri Senden uzakdyr.

[3] Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.

[4] Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär».

[5] Eý, Ýermeýa, pyýadalar bilen ylgap ýadaýan bolsaň, onda atlylar bilen nädip ýaryşjak? Eger howpsuz ýurtda büdreýän bolsaň, onda Iordan jeňňelinden nädip çykjak?

[6] Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň, öz maşgalaň-da haýynlyk etdi. Ýeňsäňden seslerine bat berdiler. Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da, ynanmaweri sen olara.

[7] Men halkymy terk etdim, mirasymy taşladym, jandan söýýän halkymy duşmanlarynyň eline berdim.

[8] Mirasym Meniň üçin tokaýdaky arslan kimin boldy. Maňa tarap nagra çekdi, şonuň üçin Men ony ýigrenýärin.

[9] Mirasym nazarymda gyrgy deý boldumy? Her tarapdan wagşy guşlar üstüne çozdy. Gidiň-de, ähli ýabany haýwanlary toplaň, goý, olar mirasymy ýuwudyp-ýalmasynlar.

[10] Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.

[11] Ony harabaçylyga dönderdiler, haraba içinde huzurymda aglaýar. Tutuş ýurt weýran boldy, emma hiç kimiň piňine-de däl.

[12] Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz.

[13] Olar bugdaý ekip, tiken ordular, gara zähmet çekip, haýyr görmediler. Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa alan hasyllaryna utansynlar.

[14] «Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.

[15] Hemmesini sogrup taşlanymdan soň, olara ýene ýüregim awar. Olaryň her birini öz mülküne, öz topragyna gaýtaryp getirerin.

[16] Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.

[17] Emma gulak asmadyk her bir milleti köki bilen bütinleý goparyp taşlaryn we ýok ederin».

Ýermeýa — Chapters