Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:56

[1] Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Sidkiýanyň şalygynyň başlangyjynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.

[2] Reb maňa şeýle diýdi: «Agaçdan bir boýuntyryk ýasap, tanap bilen ony boýnuňa dak.

[3] Soňra Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň ýanyna gelen çaparlaryň üsti bilen Edom, Mowap, Ammon, Sur we Sidon patyşalaryna boýuntyryklar iber.

[4] Çaparlara öz hojaýynlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Rebbiň şeýle diýýändigini buýur:

[5] „Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin.

[6] Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim.

[7] Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.

[8] Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“.

[9] „Şonuň üçin hem siz ‘Babyl patyşasyna gulluk etmäň’ diýýän pygamberleriňizi, palçylaryňyzy, düýş ýorujylaryňyzy, jadygöýleriňizi, müneçjimleriňizi diňlemäň.

[10] Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi ýurduňyzdan aýryp, sürgün ederin we siz heläk bolarsyňyz.

[11] Emma Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, oňa gulluk eden milleti öz topragynda goýaryn. Olar topragy bejerip, ol ýerde ýaşarlar. Muny Reb aýdýandyr“».

[12] Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň.

[13] Reb Babyl patyşasyna gulluk etmejek her bir milletiň öljekdigini aýtdy ahyryn. Näme, sen hem öz halkyň bilen gylyçdan, açlykdan, mergiden ölmekçimi?

[14] Siz: „Babyl patyşasyna gulluk etmäň“ diýýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, çünki olar size ýalandan pygamberlik edýärler.

[15] Olary Men ýollamadym, olar size Meniň adymdan galp pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi-de, size pygamberlik edýän bu pygamberleri-de kowup çykararyn, siziň baryňyz heläk bolarsyňyz. Muny Men – Reb aýdýandyryn».

[16] Soňra men ruhanylara we tutuş halka Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendim: «Siz özüňize: „Rebbiň ybadathanasyndaky gap-gaçlar basym Babyldan yzyna getiriler“ diýýän pygamberleriňiziň sözlerini diňlemäň. Olar size ýalandan pygamberlik edýärler.

[17] Olary diňlemäň, Babyl patyşasyna gulluk edip, diri galyň. Bu şäher näme üçin weýran bolsun?

[18] Eger olar pygamber bolýan bolsalar, Rebbiň sözi olarda bolsa, onda Rebbiň ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan gap-gaçlar Babyla äkidilmesin diýip, Hökmürowan Rebbe ýalbarsynlar.

[19] -

[20] Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa we Ýahudanyň, Iýerusalimiň begzadalaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkidende alyp gitmedik zatlary: sütünler, howuz, araba we beýleki gap-gaçlar bar. Hökmürowan Reb olar hakda söz açýar.

[21] Hawa, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan şol gap-gaçlar hakda şeýle diýýär:

[22] „Olar Babyla äkidiler, olara gaýtadan nazar saljak günüme çenli, şol ýerde galar. Onsoň Men olary çykaryp, bu ýere gaýtaryp getirerin“. Muny Reb aýdýandyr».

Ýermeýa — Chapters