[1] Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»
[2] Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.
[3] Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.
[4] Eý, biwepa gyz, neçün güýjüňe buýsanýaň? Seniň güýjüň gaçar. Sen hazynalaryňa buýsanyp: „Meniň üstüme kim çozar?“ diýdiň.
[5] Ine, daş-töweregiňdäkileriň baryndan üstüňe howp indererin. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Siz dargadylarsyňyz, her adam çem gelen ýere gaçar; gaçanlary hiç kim ýygnamaz.
[6] Emma mundan soňra Men ammonlaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr».
[7] Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?
[8] Eý, Dedanyň ilaty, gaçyň, yzyňyza öwrüliň, bukularda gizleniň! Men Ysawy jezalandyran wagtymda, onuň başyndan betbagtlyk indererin.
[9] Eger üzümçiler bagyňa girse, birki salkym üzüm galdyrmazlarmy? Gije öýüňe ogrular girse, özlerine geregini ogurlamazlarmy?
[10] Emma Ysawy çuw ýalaňaç edip, Men eşigini sypyraryn, onuň gizlin ýerini äşgär ederin, ol özüni gizläp bilmez. Onuň tohum-tiji, dogan-garyndaşlary, goňşulary heläk bolar, özi-de ýok bolar.
[11] Ýetimleriňi taşla, olary diri saklaryn. Dul hatynlaryň hem Maňa bil baglasyn».
[12] Reb şeýle diýýär: «Jeza käsesinden içmäge laýyk bolmadyklar içenlerinden soň, heý-de, sen içmän, jezasyz galarmyň? Ýok, jezasyz galmarsyň, jeza käsesinden hökman içersiň.
[13] Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr.
[14] Men Rebden bir habar eşitdim, milletler arasyna çapar ýollandy: «Edoma çozmak üçin toplanyň, söweşe aýaga galyň».
[15] «Men seni milletler arasynda kiçelderin, ynsanlar arasynda ýigrenje duçar ederin.
[16] Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr.
[17] Edom howpa öwrüler, ol ýerden geçýän her kes aňk-taňk bolup, onuň betbagtlyklaryna sykylyk çalar.
[18] Edil Sodomyň, Gomoranyň we olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde ýeke adam galmaz, hiç ynsan ýaşamaz. Muny Reb aýdýandyr.
[19] Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?
[20] Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny, Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.
[21] Ýykylýanlaň gürpüldisinden ýaňa ýer ýüzi sarsar, gykylyklarynyň sesi Gyzyl deňze çenli eşidiler.
[22] Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».
[23] Damask hakynda pygamberlik: «Hamat we Arpat utandy, erbet habary eşidip, gorkudan titreşdi, tolkun atýan deňiz kimin ikiýana alakjap yrandylar.
[24] Damask mejalsyz galdy, gaçjak bolup öwrülende, ony gorky gaplady. Çaga dogurýan aýal kimin ony sanjy we agyry tutdy.
[25] „Wah, neçün şatlygymyň mekany bolan bu şöhratly şäher abat galmady?!“
[26] Munuň üçin ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar, onuň ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
[27] Damask diwaryny oda ýakaryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp ýok eder».
[28] Babyl patyşasy Nebukadnesaryň basyp alan Kedar we Hasor patyşalyklary hakynda Reb şeýle diýýär: «Turuň, Kedara hüjüm ediň, gündogar halkyny ýok ediň.
[29] Olaryň çadyrlary, sürüleri ellerinden alnar, perdeleri, gap-gaçlary we düýeleri talanar; halk: „Ähli tarapdan howp abanýar!“ diýip gygyrar».
[30] «Eý, Hasoryň ilaty! Gaçyň, uzaklara gidiň, bukularda gizleniň! Muny Reb aýdýandyr. Çünki Babyl patyşasy Nebukadnesar siziň garşyňyza karar kabul etdi, siziň garşyňyza dildüwşük gurady.
[31] Turuň, asuda we howpsuz ýaşaýan halkyň üstüne hüjüm ediň. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň ne derwezeleri, ne-de kiltleri bar, olar ýeke ýaşaýarlar.
[32] Olaryň düýeleri talanyp, köp mallary olja alnar. Saç-sakgallaryny gyrkan bu adamlary Men çar tarapyň ýeli bilen dargadaryn, her ýandan başlaryna betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr.
[33] Hasor şagallaryň sürenine we ebedi harabaçylyga öwrüler. Ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz».
[34] Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň başlarynda Eýlam hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[35] «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Eýlamyň kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin.
[36] Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz.
[37] Men Eýlamy duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň öňünde gorka salaryn. Lowlaýan gazabym bilen başlaryndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Olary bütinleý ýok edýänçäm, yzlaryndan gylyç salaryn.
[38] Men tagtymy Eýlamda bina edip, onuň patyşalaryny we ýolbaşçylaryny ol ýerden ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr.
[39] Ýöne ahyrky günlerde Eýlamyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“».