Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:59

[1] Ýermeýa tutuş halka özleriniň Hudaýy Rebbiň sözlerini, olaryň Hudaýy Rebbiň öz üsti bilen iberen sözleriniň baryny doly ýetirende,

[2] Hoşaýanyň ogly Azarýa, Kareýanyň ogly Ýohanan we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Sen ýalan sözleýärsiň! Hudaýymyz Reb seni bize: „Mesgen tutmaga Müsüre gitmäň“ diýmek üçin ýollanok.

[3] Babyllylar bizi öldürsinler ýa-da Babyla ýesir edip äkitsinler diýip, bizi olaryň eline tabşyrmak üçin Neriýanyň ogly Baruk seni biziň üstümize küşgürýär».

[4] Şeýdip, Kareýanyň ogly Ýohanan, goşun serkerdeleriniň hemmesi we tutuş halk Ýahuda ýurdunda ýaşamak babatda Rebbe gulak asmadylar.

[5] Kareýanyň ogly Ýohanan we goşun serkerdeleri öň ähli milletlere dargadylyp, indi Ýahuda ýurduna dolanyp gelen halkyň aman galanlarynyň baryny alyp gitdiler.

[6] Olaryň arasynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Şapanyň agtygy Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanynda galdyran erkekleri, aýallary, çagalary, patyşanyň gyzlary – ähli adamlary, Ýermeýa pygamber we Neriýanyň ogly Baruk dagy hem bardy.

[7] Olar Rebbe gulak asman, Müsür ýurduna gitdiler we Tahpanhese geldiler.

[8] Onsoň Tahpanhesde Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[9] «Eliňe uly daşlar al-da, Tahpanhesde faraonyň köşgüniň girelgesindäki meýdançanyň kerpiçleriniň arasynda göm. Muny ýahudalaryň gözleriniň alnynda et.

[10] Onsoň olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men Babylyň patyşasy bendäm Nebukadnesary bu ýere getirip, tagtyny bu gömen daşlarymyň üstünde guraryn. Nebukadnesar öz şa çadyryny bu daşlaryň üstünde diker.

[11] Ol gelip, Müsür ýurduny weýran eder. Ölüme höküm edilen ölüme, sürgüne höküm edilen sürgüne, gylyja höküm edilen hem gylyja berler.

[12] Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar.

[13] Ol Müsürdäki Gün hudaýynyň buthanasynyň dikme daşlaryny ýykar we Müsür hudaýlarynyň ähli buthanalaryny oda berer“».

Ýermeýa — Chapters